Dünýä çempionatynda möwsümiň 2-nji ýaryşy Bahreýnde guraldy. Sakhir çölündäki 5,412 kilometrlik Bahreýn halkara trassasynda geçirilen 57 aýlawlyk ýaryşa “Ferrariden” germaniýaly Sebastian Wettel ilkinji bolup başlady. Başlangyçda “Mercedes”-iň fin sürüjisi Waltteri Bottas “ferrarili” watandaşy Kimi Raikkonenden öňe saýlanyp, 2-nji orna geçdi. Ýaryşyň başlarynda “Red Bulluň” 2 sürüjisi-de – 2-nji aýlawda Daniel Rikkiardo, 5-nji aýlawda-da Maks Werstappen ulaglarynda dörän näsazlyk sebäpli bäsleşikden çykmaly boldular. Ilkinji pit-stoplardan soň, Wettel ornuny saklamagy başardy. 36-njy aýlawda kiçeňräk betbagtçylyk, şowsuzlyk boldy. Kimi Raikkonen pit-stop edeninden soň, ir hereket edip, mehanikleriň birini çalarak kakdy we oňa şikes ýetirdi. Tekeri gowy dakylmadyk Raikkonen ýaryşy dowam etdirip bilmedi. Galan aýlawlarda-da Bottas öňdebaryjy Wettelden ozmak üçin kän dyrjaşsa-da, nemes sürüjisi ýaryşy 1 sagat 32 minut 01,940 sekuntda tamamlap, bu ýylky 2-nji karýerasyndaky 49-njy ýeňşini gazandy. Pellehana 0,7 sekunt giç gelen Bottas 2-nji, şeýle-de Wettelden 6,5 sekunt pes netije görkezen Lewis Hamilton 3-nji ýeri eýeledi. 9-njy hatardan ýaryşa goşulan Hamilton yzly-yzyna 27 bäsleşikde utuk gazandy we bu ugurda Kimi Raikkoneniň rekordyna şärik boldy.
Bahreýn “Gran Prisinden” soň, sürüjileriň sanawynda 50 utukly Sebastian Wettel 1-nji, 33 utuk toplan Lewis Hamilton 2-nji, 20 utukly Waltteri Bottas 3-nji ýerde barýar. Möwsümiň indiki ýaryşy 15-nji aprelde, ýagny ertir Hytaýda geçiriler.