Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 4-nji ýaryşy Fransiýada geçirilip, “M-Sport Ford” toparyndan Sebastian Ožie ýeňiş gazandy. Fransiýaly sürüji 333,48 kilometrlik trassada 12 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşy 3 sagat 26 minut 52,7 sekuntda tamamlady. Bu onuň şu möwsümdäki 3-nji, karýerasyndaky 43-nji ýeňşidir. “Toyota Gazoo” toparyndan estoniýaly Ott Tanak 2-nji, “Hyundai” toparynyň belgiýaly sürüjisi Tierri Noýwill 3-nji ýeri eýeledi. Tamamlanan 4 ýaryşdan soň, Ožie 84 utuk bilen 1-nji orunda barýar. 2-nji ýerdäki Noýwilliň 67, 3-nji hatardaky Tanakyň 45 utugy bar. Möwsümiň 5-nji ýaryşy 26–29-njy aprel aralygynda Argentinada geçiriler.