Olimpiýa we Dünýäniň ençeme gezek çempiony, norwegiýaly biatlonçy Ole Eýnar Býorgendalen 25 ýyllyk karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Ol geçiren metbugat ýygnanyşygynda: — Ýeňşe bolan hyjuwym hiç wagtam azalanok. Ýöne wagty geldi. Çärýek asyrlap meni goldanlara, maşgalama, hemaýatkärlerime çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin — diýip, çykyş etdi. Ol öz ýurdunda geçirilen Lillehammer – 1994 gyşky Olimpiýa oýunlaryndan başlap, gatnaşan 6 Olimpiadasynda 8 altyn medala mynasyp bolupdy. 1974-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda dünýä inen Býorgendalen Olimpiýa oýunlarynda jemi 13 medal gazandy (8 altyn, 4 kümüş, 1 bürünç). 1993-nji ýyldan bäri-de Dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, 25 Dünýä çempionatynda 20 altyn, 14 kümüş hem-de 11 bürünç jemi — 45 medal gazandy. Biatlon sportunyň iň başarjaň türgeni diýlip görkezilýän Býorgendalen şu ýylky gyşky Olimpiýa oýunlaryna çenli Olimpiadanyň iň köp medally türgenidi.
***
Býorgendalenden soň, başga bir norwegiýaly Olimpiýa çempiony, lyžaly ýaryş sportunyň görnükli wekili, zenan türgen Marit Býorgen hem karýerasyny soňlandyrýandygyny mälim etdi. Phýonçhanda 5 medal gazanan Býorgen bu barada: — Täze möwsümlerde 100 göterimlik taýýar ýagdaýda çykyş ederin öýdemok. Şol sebäpli-de 20 ýyla golaý ýokary derejede geçen karýeramy tamamlaýaryn — diýdi. 1980-nji ýylyň 21-nji martynda Norwegiýanyň Tronheým şäherinde dünýä inen Býorgen 1999-njy ýylda başlan karýerasy boýunça 5 gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşdy. Ol 8 altyn, 4 kümüş we 3 bürünç, jemi 15 medal gazanyp, gyşky Olimpiadalaryň iň köp medally türgeni diýen ady eýeledi. Dünýä çempionatlarynda 303 ýaryşda bäsleşip, 114 gezek ýeňiji boldy. 38 ýaşyndaky türgen Dünýä çempionatlarynda 18 altyn, 5 kümüş hem-de 3 bürünç medal gazandy.