NBA Ame­ri­ka­nyň Mil­li bas­ket­bol li­ga­synyň (NBA) 82 oýun­lyk ada­ty möw­sümi ta­mam­la­ndy. Er­tir­den baş­lap to­par­lar pleý-off tap­gy­ryn­da çy­kyş eder­ler. Soň­ky çem­pi­on “Gol­den Steýt War­riors” Gün­ba­tar zo­lak­da 2-nji ýe­ri eýe­le­di. Fi­nal­çy “Kliw­lend Ka­wa­liers” bol­sa, Gün­do­gar zo­lak­da 4-nji or­na my­na­syp bol­dy. Şun­luk­da, 82 du­şu­şyk­da iň köp ýe­ňiş ga­za­nan to­par “Hýus­ton Ro­kets” bo­lup, olar 65 oýun­da gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. NBA-nyň iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan 2-nji to­pa­ry “Los An­je­les Leý­kers” bu sa­par hem pleý-off­lar­da çy­kyş et­mä­ge yg­ty­ýar alyp bil­me­di. Olar eý­ýäm 5 möw­süm­den bä­ri pleý-of­fuň da­şyn­da gal­ýar. Bu möw­süm diý­seň şow­ly çy­kyş ed­ýän “Fi­la­del­fi­ýa 76ers” 17 ýyl­dan soň, pleý-off­lar­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Pleý-off tap­gy­ry 15-nji ap­relde baş­lap, ol iýun aýyn­da çem­pio­nyň bel­li bol­ma­gyn­dan soň ta­mam­la­nar. 4 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan to­par ýa­ry­şy do­wam et­di­rer. Her zo­la­gyň çem­pio­ny-da iýun aýyn­da NBA-nyň çem­pi­on­ly­gy ug­run­da öza­ra güýç sy­na­ny­şar.

Pleý-off tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry:

Pleý-off tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry:
Gün­do­gar zo­lak: “To­ron­to Rep­tors”–“Wa­şing­ton Wi­zards”, “Kliw­lend Ka­wa­liers”–“In­dia­na Peý­sers”, Fi­la­del­fi­ýa 76ers”–“Ma­ýa­mi Hit”, “Bos­ton Sel­tiks”–“Mil­wa­ki Baks”.
Gün­ba­tar zo­lak: “Hýus­ton Ro­kets”–“Min­ne­so­ta Tim­ber­wol­wes”, “Ok­la­ho­ma Si­ti Tan­der”–“Ýu­ta Jazz”, “Port­land Treýl Bleý­zers”–“Nýu Or­leans Pe­li­kans”, “Gol­den Steýt War­riors”–“San An­to­nio Spars”.