Ilki PSŽ, soňra “Ýuwentus”, indiki “Bawariýa”

Düýn Şweýsariýanyň Nion şäherindäki UEFA-nyň merkezi edary binasynda Çempionlar hem-de Ýewropa ligalarynyň ýarym finalynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, futbol janköýerlerine ýene-de finala barabar uly duşuşyk “Bawariýa”–“Real Madrid” oýny garaşýar. Beýleki ýarym finalda-da “Liwerpul” bilen “Roma” duşuşar. “Bawariýa” bilen “Real Madrid” geçen ýylam çärýek finalda gabatlaşypdylar. Dartgynly ýagdaýda geçen oýunda ispan tarapy üstünlik gazanypdy. Iki topar şu wagta çenli 24 gezek duşuşyp, olar UEFA-nyň ýaryşlarynda iň köp özara duşuşyk geçiren toparlardyr. Şol oýunlarda 2 toparam 11 gezek ýeňiş gazanyp, 2 duşuşygam deňlikde tamamlandy. “Real Madridiň” şu möwsümiň pleý-off oýunlarynda 3-nji güýçli topar bilen bije çekişendigini belläliň. 1/8 finalda PSŽ-den, 1/4 finalda-da “Ýuwentusdan” üstün çykan “Real Madrid” ýarym finalda-da çempionlygyň başga bir dalaşgäri “Bawariýa” bilen duşuşar.
Çärýek finalda “Barselonany” utup, hemmeleriň ünsüni özüne çeken “Roma” bu ýaryşdaky iň başarnykly iňlis kluby “Liwerpul” bilen güýç synanyşar. Iki topar ozal 5 gezek gabatlaşdy. Şolaryň biri-de 1984–1985 möwsüminiň finaly bolup, oýnuň esasy wagty deňlikde tamamlanypdy (1–1). Penaltilerden soň, iňlis tarapy ýeňiş gazanypdy. Mundan ozalky 5 duşuşykda “Liwerpul” 2, “Roma” 1 gezek ýeňiş gazansa, 2 oýunda-da deňlik hasaba alyndy. Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary 24–25-nji aprelde, jogap oýunlary-da 1–2-nji maýda oýnalar. Final duşuşygy 26-njy maýda Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki Olimpiýa stadionynda geçiriler.
Çempionlar ligasynda soňky 8 ýylda ilkinji gezek ýarym finala her ýurtdan bir topar çykdy. 2010–11 möwsüminden bäri ähli ýarym finalda azyndan 2 ispan topary çykyş edipdi. 2013-nji ýylda 2 ispan topary bilen bilelikde, 2 nemes topary-da ýarym finalda oýnapdy. Iň soňky sapar 4 döwletiň 1 topary wekilçilik eden möwsüminde “Inter” çempion bolupdy.
UEFA Çempionlar ligasy ýarym finalynyň duşuşyklary
(24–25-nji aprel, 1–2-nji maý):
“Bawariýa” (Germaniýa) – “Real Madrid” (Ispaniýa)
“Liwerpul” (Angliýa) – “Roma” (Italiýa)

“Arsenal” – “Atletiko Madrid”
Şeýle-de UEFA Ýewropa ligasynda-da ýarym finalyň bijeleri atyldy. Fransiýanyň “Marseli” Awstriýanyň “RB Salsburgy” bilen güýç synanyşsa, beýleki ýarym finalda-da 2 güýçli topar “Arsenal” bilen “Atletiko Madrid” bije çekişdi. Birinji duşuşyklar 26-njy aprelde oýnalsa, jogap oýunlary 3-nji maýda geçiriler. Final oýny-da 16-njy maýda Fransiýanyň Lion şäherindäki “Park Olimpik Lion” stadionynda oýnalar.

UEFA Ýewropa ligasy ýarym finalynyň
duşuşyklary (26-njy aprel, 3-nji maý):
“Marsel” (Fransiýa) – “RB Salsburg” (Awstriýa)
“Arsenal” (Angliýa) – “Atletiko Madrid” (Ispaniýa)

“Ba­wa­ri­ýa­nyň”
28-nji çem­pi­on­ly­gy
Ger­ma­ni­ýa­nyň “Bun­des­li­ga­syn­da” 29-njy tap­gyr­da “Ba­wa­ri­ýa” myh­man­çy­lyk­da “Augs­bur­gy” To­lis­so (32), Ha­mes Rod­ri­ges (38), Rob­ben (62) hem-de Wag­ne­riň (87) gol­la­ry bi­len 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le­lik­de, çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, utuk ara­ta­pa­wu­dy­ny 20-ä ýe­ti­ren “Ba­wa­ri­ýa” yz­ly-yzy­na 6-njy, umu­my­lyk­da-da 28-nji ge­zek “Bun­des­li­ga­nyň” çem­pio­ny bol­dy. Bas­syr 6 çem­pi­on­ly­k ga­za­nan il­kin­ji ne­mes klu­by bol­ma­gy ba­şa­ran “Ba­wa­ri­ýa­nyň” fran­suz fut­bol­çy­sy Frank Riberi to­pa­ry bi­len 8-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. Ri­be­ri bu ba­bat­da Meh­met Şoll, Oli­wer Kan, Bas­ti­an Şwanş­taý­ger hem-de Fi­lip Lam da­gy bi­len deň­leş­di. To­pa­ryň baş­ga bir ýyl­dy­zy Ar­ýen Rob­ben hem kar­ýe­ra­syn­da­ky 11-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy (Gol­lan­di­ýa­da 1, Ang­li­ýa­da 2, Is­pa­ni­ýa­da 1, Ger­ma­ni­ýa­da 7). Ol 10 çem­pi­on­ly­gy bo­lan Ýo­han Kroýff­dan öňe saý­la­nyp, iň köp çem­pi­on­lyk ga­za­nan gol­lan­di­ýa­ly fut­bol­çy di­ýen ady eýe­le­di. “Ba­wa­ri­ýa­nyň” tä­lim­çi­si Ýupp Haýn­kes hem 8-nji ge­zek çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny eýeledi. Ol “Bo­rus­si­ýa M.” bi­len oýun­çy­ka 4, “Ba­wa­ri­ýa­da-da” tä­lim­çi hök­mün­de 4 ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.

“Mançester Si­ti” pur­sat­dan
peý­dala­nyp bil­me­di
Ang­li­ýa­nyň “Pre­mi­er li­ga­syn­da” “Man­çes­ter Si­ti” çem­pi­on­ly­gy­ny so­ňa goý­ma­ly bol­dy. Pep Gu­ar­dio­la­nyň şä­girt­le­ri öz meý­dan­ça­syn­da şä­he­riň beý­le­ki to­pa­ry “Ýu­naý­te­di” ka­bul et­di. Ýer eýe­le­ri Kom­pa­ni (25) we Gün­do­ga­nyň (30) gol­la­ry bi­len ýa­rym sa­gat­da 2–0 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 2-nji ýa­rym­da ti­je­nen Mou­ri­nio­nyň şä­girt­leri Pog­ba (53, 55) we Smol­lin­giň (69) gol­la­ry bi­len 3–2 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Şun­luk­da, “Si­ti” öz meý­dan­ça­syn­da, on­da-da Man­çes­ter der­bi­sin­de çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan edip, jan­kö­ýer­le­ri­ne go­şa sow­gat et­mek is­läp­di, ýö­ne Mou­ri­nio­nyň to­pa­ry mu­ňa mümkinçilik ber­me­di. “Man. Si­ti” şu gün myh­man­çy­lyk­da “Tot­ten­hem” bi­len du­şu­şar. Bu du­şu­şyk­da Gu­ar­dio­la­nyň şä­girt­le­ri ýe­ňiş ga­za­nan ýag­da­ýyn­da-da çem­pi­on bol­man bi­ler­ler. Se­bä­bi “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” hem ýe­ňiş ga­za­n­sa, on­da olar çem­pi­on­ly­gy ýene-de soň­ky tap­gy­ra goý­ma­ly bo­lar­lar.

Mes­si­niň 40-njy het-tri­gi
Is­pa­ni­ýa­nyň “La Li­ga­syn­da” “Bar­se­lo­na” öz meý­dan­ça­syn­da “Le­ga­nes­den” 3–1 üs­tün çyk­dy. Gol­la­ryň 3-si­ni hem öz ady­na ýaz­dy­ran Lio­nel Mes­si kar­ýe­ra­syn­da­ky 40-njy het-tri­gi­ni et­di (“La Li­ga­da” 29, ÇL-de 7, Şa Ku­bo­gyn­da 3, Is­pa­ni­ýa Su­per ku­bo­gyn­da 1). Mad­rid der­bi­sin­de “Re­al” bi­len “At­le­ti­ko” du­şu­şyp, oýun deň­lik ýag­da­ýyn­da ta­mam­lan­dy (1–1; Ro­nal­do 53 – Griz­mann 57). Bu ne­ti­je “Bar­se­lo­na­ny” çem­pi­on­ly­ga ýe­ne bir ädim go­laý­laş­dyr­dy. “La Li­ga­nyň” 31-nji tap­gy­ryn­da “Sel­ta” “Se­wil­ýa­ny” 4–0, “Re­al So­sie­dad” bol­sa, “Ži­ro­na­ny” 5–0 ýeň­di.

“Ýu­wen­tus” gaç­ýar, “Na­po­li” ko­wa­la­ýar
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da aut­saý­der “Be­ne­wen­to­ny” 4–2 ut­dy. Oýun­da 2-si pe­nal­ti­den Pau­lo Di­ba­la 3 gol ge­çir­di. “Na­po­li” bi­len “Kie­wo” to­par­la­ry­nyň oý­nun­da myh­man­lar 73-nji mi­nut­da öňe saý­lan­dy. Ýö­ne ruh­dan düş­me­dik “Na­po­li” 89-njy hem-de 90+3-nji mi­nut­lar­da Mi­lik we Dia­wa­ra­nyň gol­la­ry bi­len ýe­ňiş ga­za­nyp, çem­pi­on­lyk ýa­ry­şy­nyň do­wam ed­ýän­di­gi­ni gör­kez­di. “In­ter” myh­man­çy­lyk­da “To­ri­no­dan” 1–0, “Ro­ma” öz meý­dan­ça­syn­da “Fio­ren­ti­na­dan” 2–0 as­gyn gel­di. “La­sio­nyň” “Udi­ne­ze­ni” 2–1 ýe­ňen tap­gy­ryn­da, “Mi­lan” “San Si­ro­da” “Sas­suo­lo” bi­len 1 utu­gy paý­laş­dy.

PSŽ çem­pi­on di­ýen ýa­ly
Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da PSŽ hem çem­pi­on­ly­gy­ny ge­çen tap­gyr­da yg­lan edip bil­me­di. Olar myh­man­çy­lyk­da “Sent Etien” bi­len 1–1 (Ka­bel­lo – De­bu­çi 90+2 ö.d.) deň­me-deň oý­nap, çem­pi­on­ly­gy no­bat­da­ky tap­gyr­a goý­ma­ly bol­dy. Pa­riž­li­ler şu tap­gyr­da 2-nji ha­tar­da bar­ýan “Mo­na­ko­ny” ut­sa­lar, on­da olar no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder­ler. Çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 6 tap­gyr ga­lan­da, PSŽ bi­len “Mo­na­ko­nyň” ara­syn­da 14 utuk­lyk ara­ta­pa­wut bar.