Şu ýy­lyň 23-24-nji ma­ýyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Stam­bul şä­he­rin­de Yn­san­per­wer me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti ge­çi­ri­ler. Il­kin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýän bu sam­mi­tiň çäk­le­rin­de “Bi­lim ga­raş­ma­ýar” at­ly gaz­na­nyň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň bi­lim bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Gor­don Braun ha­bar ber­di.
– Gaz­na öz öý­le­rin­den uzak­da ga­lan 30 mil­li­on ça­ga­ny gol­da­mak mak­sa­dy bi­len dö­re­dil­ýär. Ola­ryň 20 mil­lio­ny­nyň hiç hi­li müm­kin­çi­li­gi ýok. Olar mek­de­be gi­dip bil­me­ýär­ler – di­ýip, Gor­don Braun bel­le­di.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň öň­ki Prem­ýer-mi­nist­ri “Bi­lim ga­raş­ma­ýar” gaz­na­sy­nyň ýurt­la­ryň hem-de hu­su­sy pu­da­gyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň öz­bo­luş­ly nus­ga­sy­na öw­rül­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Bu tas­la­ma dün­ýä döw­let­le­ri bi­len bir ha­tar­da ,hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ny, teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da iş­le­ýän iri kom­pa­ni­ýa­la­ry çek­mek mak­sat edi­nil­ýär. Şeý­le şe­re­ket­le­riň kö­me­gi bi­len ça­ga­la­ryň on-laýn düz­gü­nin­de bi­lim al­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip bol­jak­dy­gy bel­le­nip ge­çil­di. Bu ba­bat­da ça­ga­lar yk­jam te­le­fon­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyp bi­ler­ler.
Gor­don Braun hä­zir­ki wagt­da ça­ga­lar üçin be­ril­ýän yn­san­per­wer kö­mek­le­riň ag­ram­ly bö­le­gi­niň ola­ryň ýa­şa­ma­gy hem-de gar­ban­ma­gy üçin ula­nyl­ýan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Yn­san­per­wer me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň 70 ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň için­de il­kin­ji ge­zek ça­gy­ryl­ýar hem-de kyn ýag­da­ýa dü­şen adam­la­ryň mer­te­be­si­ni we howp­suz­ly­gy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça çä­re­le­ri gör­mek ba­bat­da Hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek üçin bin­ýat bol­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.