Paýtagtymyz Aşgabatda “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahaty we festiwaly geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan çärä Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň alymlary hem-de hünärmenleri, şol sanda saz öwrenijileri, dilçileri, sungaty we medeniýeti öwrenijileri gatnaşdylar.
Aýdym-saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forum ýurdumyzda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi mynasybetli aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda beýleki döwletler bilen birlikde, dostluk we raýdaşlyk ýollaryny çekip, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň pugtalanmagyna ýardam berýär. Bu babatda halklaryň özara düşünişmegine ýardam berýän medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
Dünýäniň halklarynyň medeniýetleriniň, şol sanda aýdym-saz medeniýetiniň gözbaşyny giňden we köptaraply öwrenmek ynsanperwer hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Aýdym-saz sungaty Aşgabatdaky halkara forumyň gün tertibini öňünden kesgitledi.
Aýdym-saz sungatyna bagyşlanan halkara forumyň açylyş dabarasy Mukamlar köşgünde geçirildi. Ol ýerde hormatly Prezidentimiziň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: “Biz häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan aýdym-saz sungatyny, gadymy medeni mirasyny düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarys. Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri türkmen halkynyň medeni mirasynda, halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatynda özboluşly orny eýeleýär ” diýlip bellenilýär.
Ylmy maslahatyň çäklerinde geçen umumy mejlisiň işine Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Fransiýanyň, Koreýanyň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň alymlary we hünärmenleri gatnaşdylar.
Aşgabat forumyna gatnaşyjylar şu duşuşygyň möhümdigini nygtap, hormatly Prezidentimize alyp barýan oňyn syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan bölümler boýunça mejlislerde maslahat öz işini dowam etdi. “Halk sazlary medeni-taryhy mirasyň aýrylmaz bölegidir”, “Folkloristikanyň häzirki zaman meseleleri: milli saz däplerine täzeçe çemeleşmegiň gözlegleri we usullary”, “Edebi folklorda we saz sungatynda çeper keşpleriň beýany” diýen mazmundaky gürrüňler we beýlekiler çykyşlaryň esasyny emele getirdi.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda üstünlige beslenip geçen dostluk konsertinde çykyş edenler öz ussatlygyny görkezdiler.