Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün-günden gülläp ösýär. Ösüşleriň günsaýyn beýgelýän döwründe halkara hyzmatdaşlyga hem giň gerim berilýär. Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek maksady bilen döredilen hökümetara toparlarynyň maslahatlary yzygiderli geçirilip, olarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlary kesgitlenilýär.
Şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda hökümetara türkmen-rumyn toparynyň hem-de türkmen-gazak işewürler toparynyň mejlisleri geçirildi.
Paýtagtymyzda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ýedinji mejlisi boldy. Oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Rumyniýanyň işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan-Radu Operanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.
Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, altynjy mejlisiň maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de netijeli ösýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgam, dokma senagaty, oba hojalygy, elektroenergetika, gurluşyk pudaklary görkezildi. Ynsanperwer hyzmatdaşlygyna degişli meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýahatçylyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde agzaldy.
Ýedinji mejlisiň jemleri boýunça degişli teswirnama, şeýle hem ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
* * *
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bolsa, Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan türkmen-gazak işewürler toparynyň mejlisi geçirildi. 2014-nji ýylda iki döwletiň Hazarýaka sebitleriniň häkimlikleriniň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşygy durmuşa geçirmegiň çäklerinde guralan foruma gatnaşmak üçin Mangistau oblastynyň akimi Ý.Tugjanowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenbaşy şäherine geldi.
Gazagystanyň wekiliýetiniň agzalary özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, söwda, oba hojalygy, dokma, himiýa we azyk senagaty ýaly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk teklipler aýdyldy.
Türkmenistanyň we Gazagystanyň haryt öndürijileriniň ýeten sepgitlerini bu ýerde guralan bilelikdäki sergi aýdyň görkezdi. Gazagystanyň wekiliýeti Türkmenbaşy şäheriniň täze Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy, “Hazar balyk” açyk paýdarlar jemgyýetinde bekre balyklaryny köpeltmek, balyk önümçiligi, işbil öndürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.