“TurS­tat” agent­li­gi rus­si­ýa­ly sy­ýa­hat­çy­lar üçin ba­har pas­lyn­da Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy ýurt­la­ry­nyň meş­hur şä­her­le­ri­niň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Şol sa­naw­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len dün­ýä­niň iri me­ga­po­lis şä­her­le­ri­niň ha­ta­ry­na ynam­ly go­şul­ýan ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat hem bar.
Agent­li­giň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan 2018-nji ýy­lyň ba­har pas­lyn­da sy­ýa­hat we ge­ze­lenç et­mek üçin amat­ly şä­her­le­riniň sa­na­wyn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat bi­len bir ha­tar­da, Be­la­ru­suň Minsk, Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na, Azer­baý­ja­nyň Ba­ku, Er­me­nis­ta­nyň Ýe­re­wan, Öz­be­gis­ta­nyň Daş­kent, Mol­do­wa­nyň Ki­şi­new, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Biş­kek, Tä­ji­gis­ta­nyň Du­şen­be şä­her­le­ri hem bar.
“TurS­tat” agent­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, rus sy­ýa­hat­çy­la­ry dynç alyş gün­le­ri GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki sy­ýa­hat­çy­lyk üçin has amat­ly şä­her­ler­de ge­ze­lenç­de bol­ýar­lar. Rus­si­ýa­ly ja­han­keş­de­ler or­ta­ça, GDA-nyň şä­her­le­rin­de 3 gün bo­lup, şol şä­her­le­riň aja­ýyp­lyk­la­ry­na we owa­dan ýer­le­ri­ne sy­ýa­hat ed­ýär­ler.
Agent­lik ta­ra­pyn­dan bu sa­na­wyň sy­ýa­hat­çy­lyk üçin meş­hur­ly­gy bi­len ta­nal­ýan şä­her­le­riň sel­je­ri­lip taý­ýar­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.