Adatça, uçarlarda diňe oturyp gitmäge rugsat berilýär. Ýöne soňky döwürde awiakompaniýalar bu ugurda täzeçil pikirleri orta atýarlar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden mälim bolşy ýaly, “Airbus” kompaniýasy uzak aralyga gidýän uçarlarda ýatyp gitmek üçin şert döretmek babatda iş alyp barýar. Eýýäm bu babatda “Airbus-330” kysymly uçarynyň içi ýolagçylaryň ýatyp gitmekleri üçin taýýar edildi.
Şeýle hem Italiýanyň “Aviointeriors” kompaniýasy bolsa, uçarlarda dik durup gitmek babatda taslama taýýarlady. Bu barada “The Telegraph” gazeti habar berýär. Bu taslamadan görnüşi ýaly, oturgyçlar çapyksuwaryň eýerine meňzeş edilip taýýarlandy. Şeýlelikde, onuň gapdalynda dik durup gitmek üçin hem boş ýer emele gelýär we olar üçin hem degişli şertler göz öňünde tutulypdyr.
2010-njy ýyldan bäri taslamanyň üstünde işlenilýär. Geçen hepde Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilen halkara sergisinde bu taslama köpçülige hödürlendi. Öndürijileriň bellemegine görä, täze oturgyçlar adaty oturgyçlardan 2 esse ýeňilräk bolup, ol hem uçara ýerleşýän ýolagçy sanyny 20 göterim artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, bu görnüşli oturgyçlar gysga aralyga gatnawlary amala aşyrýan awiakompaniýalarda gyzyklanma döreder. Şeýle hem ol arzan bahaly awiagatnadyjylar üçin hem amatly bolar. Häzirki wagtda bu taslama Kolumbiýanyň “VivaColombia” hem-de Irlandiýanyň “Ryanair” kompaniýalary gyzyklanma bildirdi.
Azatmyrat BABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.