Beýik Britaniýada dünýäniň iň gymmat awtoulag belgisi bolan “F1” satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 12,25 million funt sterlinge (17,5 million dollar) deňdir. Beýik britaniýaly awtoulag bezegçisi Afzal Kan bu belgini 2008-nji ýylda 440 müň funt sterlinge (630 müň dollar) satyn alypdy. Şol döwürde ol milli rekord hasaplanypdy. Şondan bäri seýrek duş gelýän belgileriň bahasy çalt depginde ýokarlandy we oňa bolan isleg hem artdy. 2017-nji ýylda Birleşen Patyşalykda 375 müň belgi satyn alyndy we bu görkeziji geçen ýyla garanyňda, 12 göterim köpdür.
Kanyň “Bugatti Veyron” awtoulagyny bezäp oturan belgini satyn aljak alyjy 2,5 million funt sterling möçberinde döwlet pajyny tölär. Şeýlelikde, onuň bahasy 15 million funt sterlinge, 20 million dollara deňeçer bolar. Owadan awtoulag belgilerine söýgi Beýik Britaniýada gowy girdeji gazandyrýar. 1990-njy ýyldan bäri şeýle geleşiklerden döwlet býujetine gelen girdejileriň möçberi 2 milliard funt sterlingden (3,3 milliard dollar) gowrakdyr.