Germaniýa Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň arasynda zir-zibilleri gaýtadan işlemek boýunça öňdeligi eýeleýär. Muňa ýurduň Ykdysadyýet institutynyň barlaglary güwä geçýär. Zir-zibiliň gaýtadan işlenilmeginde Germaniýanyň paýy 66 göterime deňdir. Tutuş Ýewropada bu ugurdaky ortaça görkeziji 46 göterime deňdir. Şeýle hem bu ugurda Awstriýa, Belgiýa we Gollandiýa hem öňdebaryjylaryň hatarynda görkezilýär. Bu ýurtlarda-da görkeziji 50 göterimden gowrakdyr.
Ýöne Germaniýada beýleki ýurtlara garanyňda, has köp zir-zibil üýşýär. Ýurduň her bir raýaty bir ýylda 626 kilogram zibil çykarýar. Ol hem ýurduň raýatynyň hal-ýagdaýynyň gowudygy bilen baglanyşyklydyr. Ýewropada bu görkeziji ortaça, her adam başyna 482 kilogramdyr.
Ýewropa parlamentinde zyňyndylary gaýtadan işlemek boýunça täze kanunyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň her bir ýurdy zibilleri gaýtadan işlemek boýunça görkezijini 55 göterime ýetirmeli. 2035-nji ýylda bolsa, bu görkezijini 65 göterime çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.