Her hepdede birnäçe hoz iýmek, ýürek-damar keselleriniň howpuny peseldýär, şol sanda aritmiýanyň, ýagny ýürek gysylmasy ritminiň kadaly ýagdaýdan üýtgemeginiň öňüni alýar. Şwed alymlarynyň şeýle netijä gelendikleri barada “MedicalXpress” saýtynda mälim edilýär. Barlaglara 45-83 ýaş aralygyndaky 61 müň meýletinçi gatnaşdy. Barlagdan öň, olar özleriniň iýmit sanawy barada gürrüň beripdirler. Soňra meýletinçileriň ýürek-damar ulgamy 17 ýylyň dowamynda gözegçilik edilipdir. Eger-de adam bu möhletden öň, dünýäsini täzelese, alymlar onuň sebäplerini anyklapdyrlar. Bu bolsa, iýmit sanawy bilen kesgitlenilýän durmuş ýörelgesiniň, ýaramaz endikleriň, ömrüň dowamlylygynyň we beýleki ýagdaýlaryň arasynda arabaglanyşyk tapmaga mümkinçilik beripdir.
Görüp otursalar, hoz ýürek agyrysyny, ýürek ýetmezçiligini we beýleki gan-damar keselleriniň öňüni almaga ýardam berýän eken. Netijeler ýaşa görä üýtgeýär, ýöne iýmit sanawyňda ep-esli hoz bolsa, ýürek gysylmasy ritmini kadaly ýagdaýa getirýändigi belli bolupdyr.
Nargiza ROZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.