Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li çem­pio­na­tyn­da 6-njy tap­gyr­da ge­çi­ri­len 4 du­şu­şyk­da 14 gol ha­sa­ba alyn­dy. 3 oýun­da ýer eýe­le­ri uly ha­sap bi­len ýe­ňiş ga­zan­sa, 1 du­şu­şyk­da-da myh­man­çy­lyk­daky to­pa­r ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” öz meý­dan­ça­syn­da “Ener­ge­tik” to­pa­ryn­dan 3–0 üs­tün çyk­­dy. Gol­la­ry 12-nji mi­nut­da Beg­my­rat Ba­ýow, 52-nji mi­nut­da Gur­ban­gel­di Sä­he­dow hem-de 87-nji mi­nut­da Mi­ha­il Ti­tow der­we­zä gi­riz­di. “Ahal” to­pa­ry-da öz meý­dan­ça­syn­da paý­tag­tyň ady­bir klu­by “Aş­ga­ba­dy” ka­bul edip, 4–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Du­şu­şyk­da Gu­wanç Aby­low het-trik edip, to­pa­ry­nyň uly ha­sap­ly ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­na sal­dam­ly go­şant goş­dy. Bal­kan der­bi­sin­de “Şa­ga­dam” klu­by “Bal­kan” to­pa­ry­nyň to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di. Gol­la­ry 1-nji ýa­rym­da Be­genç An­na­gur­ba­now bi­len Me­lis Ry­za­ýew, 2-nji ýa­rym­da-da Hem­ra Aman­mäm­me­dow (2) dagy öz atlary­na ýaz­dyr­dylar. Ma­ry­nyň “Merw” to­pa­ry-da myh­man­çy­lyk­da “Kö­pet­da­gy” Be­genç Ala­mo­wyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy.
Şeý­le-de 2-nji tap­gyr­dan ga­lan du­şu­şyk­da çem­pi­on “Al­tyn asyr” bi­len wi­se-çem­pi­on “Ahal” du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da “Ahal” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýe­ke-täk pök­gi­ni-de 47-nji mi­nut­da My­rat An­na­ýew to­ra gi­riz­di. Bu ne­ti­je­ler­den soň, utuk sa­ny­ny 11-e ýe­ti­ren “Ahal” sa­naw­da 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iki to­par AFK-nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da-da du­şu­şyp­dy. 11-nji ap­rel­dä­ki şol oýun­da ha­sap açyl­man­dy. Iki to­pa­ryň arasyndaky jo­gap duşuşygynyň 25-nji ap­rel­de Bal­ka­na­bat­da ge­çir­iljek­di­gi­ni ýat­lad­ýa­rys.