Formula1 boýunça möwsümiň 3-nji ýaryşy Hytaý “Gran Prisinde” “Red Bull” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo ýeňiş gazandy. Şanhaýyň Halkara trassasynda geçirilen 56 aýlawlyk bäsleşige “Ferrariden” Sebastian Wettel ilkinji hatardan bat aldy. Ýaryşda, esasanam, öňdäki sürüjileriň arasynda ozuşlyk wakalary diýseň köp boldy. Eýýäm ilkinji aýlawda 2-nji ýerdäki Kimi Raikkonen (“Ferrari”) 4-nji orna düşdi. 21-nji aýlawda-da pit-stopdan soň, Waltteri Bottas (“Mercedes”) Wettelden öňe geçdi. “Toro Rossonyň” sürüjileri Brendon Hartli bilen Pier Gasliniň kiçeňräk çaknyşygyndan soň, howpsuzlyk ulagy trassa girmeli boldy. Bu ýagdaýam ýaryşyň depginini düýpgöter üýtgetdi. 6-njy bolup ýaryşa goşulan Rikkiardo kem-kemden öňe baryp, 42-nji aýlawda Wettelden ozdurdy we 2-nji orna geçdi. 44-nji aýlawda Maks Werstappen bilen Wettel kiçeňräk çaknyşdy. Şondan soň, Wettel 6-njy ýere düşdi. Werstappene bolsa, 10 sekuntlyk jerime berildi. 45-nji aýlawda hüjüme geçen Rikkiardo 1-nji hatarda barýan Bottasdan öňe saýlandy. Galan aýlawlarda-da ornuny saklamagy başaran Rikkiardo Hytaý “Gran Prisinde” ýeňşini baýram etdi. Ol ýaryşy 1 sagat 35 minut 36,380 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky 6-njy ýeňşini gazandy. 2–3-nji ýerleri-de fin sürüjileri – Bottas bilen Raikkonen eýeledi. Soňky çempionyň 4-nji orny eýelän bäsleşiginde 1–2-nji ýaryşyň ýeňijisi Wettel 7-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. F1-de möwsümiň 4-nji ýaryşy 29-njy aprelde Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçiriler.