Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny döretdi, baý mirasymyzy öwrenmäge höwesimiz has-da artdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeni mirasy dikeldilýär, baýlaşdyrylýar. Köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen topragy taryhy-medeni ýadygärlikere örän baýdyr. Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleriň 1300-e golaýy hasaba alnandyr.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky täze özleşdirilen Şasenem, Aşyk Aýdyň, Diýarbekir ýaýlalarynda gadymy ýadygärlikleriň ençemesi bar.
Gadymy Was ýaýlasynda “Şasenem-Garyp” dessanyndaky gahrymanlaryň ady bilen bagly galalar duş gelýär. Ol galalaryň köpüsi has irki döwürler bilen senelenýär. Şeýle galalaryň biri hem Akjagelin galasydyr. Daşoguz şäheriniň 90 km. günbatarragynda Duzgyr depesiniň gündogar ýapgydynda ýerleşen bu gala miladydan öňki IV-II asyrlara degişlidir. Üç gektardan gowrak meýdany tutýan bu gala seýrek duşýan harby-gurluşyk usulynda gurlupdyr. Onuň külli Horezminde diňe pagsadan salnan galadygyny nygtamalydyrys.
Şeýle hem Diýarbekir (Ýarbekir gala) atly antik we orta asyrlar şähristanlygy ýerleşýär. Onuň ok atylýan dälizli orta asyr gala diwarlary we ýarym süýnmek gorag diňleri gowy saklanyp galypdyr. Galanyň dörän we dowam eden birinji döwri miladydan öňki IV asyra – miladynyň III asyryna degişlidir. Köp wagtlap ilatsyz bolan şähristanlykda Köneürgenç türkmenleriniň (X-XIII asyrlar) we Altyn Ordanyň (XIV asyr) döwründe ýaşaýyş täzeden janlanyp başlaýar. Ol Täze Horezm adyna eýe bolýar. Sebäbi mongollaryň Köneürgenji suwa gark etmeginden soňra paýtagt wagtlaýynça Diýarbekire geçirilipdir. Derýanyň gaýtadan suwlandyrylmagy netijesinde bu ýerler gülläp ösen abadan mekana öwrülipdir. Hut şoňa görä, bu şähere Şähribossan ady berlipdir. XVI asyryň başlarynda bolsa, ilat bu ýerden hemişelik göçüp gidipdir.
Şasenem gyzyň adyny göterýän Şasenem galasy orta asyr Suwburny şäheriniň galyndysydyr. Ol Köneürgenjiň 90 km. günorta günbatarynda, Diýarbekirden 35-40 km. uzaklykda ýerleşýär.
1930-1950-nji ýyllarda şu ýerlerde arheologiýa işlerini geçiren rus arheology S.P Tolstowyň çaklamasyna görä, şäher gurluşygy irki antik döwründen (miladydan öňki IV-III asyrlar) tä mongol çozuşlarynyň öňüsyrasyna çenli dyngysyz diýen ýaly dowam edipdir. Onuň merkezi böleginde Köneürgenç türkmenleri döwrüniň Juma metjidiniň galyndylary bar. Şähristanlygyň 200 metr günorta demirgazygyndaky diwarlarynyň daşynda uly seýilgäh toplumy ýerleşipdir. Mongollaryň eden weýrançylyklaryndan soň, XIV asyrda şäheri dikeltmäge synanyşyk edilýär. Emma oňa Teýmiriň çozuşy päsgel berýär. Şäheriň Suwburny ady onuň suwarymly zolagyň iň çetinde ýerleşýändigini aňladýar. Ilat bu ýerleri taşlap gideninden soň, şäher ýatdan çykarylýar. Soňra türkmen taýpalary Suwburnunyň galyndylary bilen (töwerekdäki bir topar ýadygärlikler ýaly) Şasenem we Garyp baradaky rowaýatyň wakalaryny baglanyşdyrypdyr. Şasenemiň galasynyň 5 km. gündogarynda Abadan kempiriň köşgi, 20 km. çemesi günorta-günbatarynda Nyýazhal depesi bar.
Daşoguz şäheriniň 40 km. günorta-günbatarragynda gadymy Dowdan hanasynyň günorta kenaryndaky depede, Köne Was şähristanlygynyň golaýynda Galalygyr – 1 (Aýrytam) şähristanlygy ýerleşýär. Ol miladydan öňki V asyr bilen senelenýär. Galalygyr – 1 gadymy Horezmdäki iň uly ýadygärlikdir. Horezmde Ahemenileriň höküm süren döwürleri gurlan gala olara günorta Dowdanyň uly suwaryş desgalar ulgamyna gözegçilik etmäge gerek bolupdyr. Galany gurmak üçin edilen synanyşyklar Gerodotyň Ahemeniler patyşalygynyň suwaryş syýasaty hakyndaky eserinde beýan edilýän çäreler ulgamyna giren bolmagy mümkindir.
Galalygyr – 1-iň 10 km. günbatarragynda Günorta Dowdanyň gadymy hanasynyň çep kenarynda Galalygyr – 2 (Aýrytam) antik şähristanlygy ýerleşýär. Galanyň içindäki has uly desga tegelek görnüşli ybadathanadyr. Ýadygärligiň senesi miladydan öňki IV asyryň ortasyna, II asyryň başlaryna degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gadymy we orta asyr taryhyny we şol döwürlerden gaýdýan binagärçilik we ruhy medeniýetini giňişleýin öwrenip, halkymyza ýetirip hem-de dünýä ýaýmak üçin taýsyz tagallalary edip gelýär.
Bu aýdanlarymyza ýurdumyzda taryhymyza, edebiýatymyza, sungatmyza, medeniýetimize degişli her ýylda geçirilýän Halkara ylmy-amaly maslahatlary hem aýdyň mysaldyr.
Amangeldi Atabaýew,
Akdepe etrabynyň 2-nji
orta mekdebiniň mugallymy.