UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da möw­süm ta­mam­la­nyp bar­ýar. Ýe­ne-de 5 oýun­dan ýe­ňi­ji bel­li bo­lar. Ki­ýew­dä­ki fi­na­la bar­ýan ýol­da ýa­rym fi­nal­da “Ba­wa­ri­ýa” bi­len “Re­al Mad­rid” hem-de “Li­wer­pul” bi­le­nem “Ro­ma” öza­ra güýç sy­na­ny­şar. “Re­al Mad­rid” 12, “Ba­wa­ri­ýa­dyr” “Li­wer­pul” 5 ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. “Ro­ma­nyň” we­lin, en­tek bu ar­zy­ly ýa­ryş­da ýeň­şi ýok. Ital­ýan to­pa­ry eger-de bu ku­bo­gy ga­za­naý­sa, on­da olar Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny ga­za­nan 23-nji, Ita­li­ýa­da-da 4-nji to­par bo­lar­lar. “Re­al Mad­rid” fi­nal­da 3, “Ba­wa­ri­ýa” 5, “Li­wer­pul” 2, “Ro­ma-da” 1 ge­zek utul­dy.
“Re­al Mad­rid” mun­dan ozal 28 ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kyp, şo­la­ryň 15-sin­de fi­na­la ady­ny ýaz­dyr­­dy. “Ba­wa­ri­ýa­da” bu gör­ke­zi­ji 10-a deň­dir. Ne­mes to­pa­ry 18 ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kyp, 8-sin­de ýe­ňil­di. “Li­wer­pul” 10-njy ýa­rym fi­na­ly­ny oý­nap, öň­ki 9-syn­da di­ňe 2 ge­zek utul­dy, 7-sin­de-de fi­na­la çyk­dy. “Ro­ma” bol­sa, di­ňe 1 ge­zek ýa­rym fi­na­la çy­kyp, on­da-da “Dan­di Ýu­naý­ted­den” 2 oý­nuň ne­ti­je­si bo­ýun­ça 3–2 üs­tün çy­kyp, fi­na­la ady­ny ýaz­dy­ryp­dy.
“Re­al Mad­rid” bi­len “Ba­wa­ri­ýa” UEFA-da bir-bi­ri bi­len iň köp ga­bat­la­şan 2 to­par­dyr. Ola­ryň mun­dan öň­ki 24 du­şu­şy­gyn­da her­si 11 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 2 oýun hem deň­lik­de gu­ta­ryp­dy. Gol­lar­da 37–36 is­pan to­pa­ry öň­de. Iki topar mundan ozal ýarym finallarda 6 gezek gabatlaşdy. Şolaryň 4-sinde “Bawariýa”, 2-sinde-de “Real Madrid” finala çykmagy başardy. “Bawariýa” topary “Real” bilen geçiren soňky 5 duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Şol oýunlarda “Real” 13, “Bawariýa” 5 pökgi geçirdi. Iki topar henize çenli finalda duşuşmady.
“Li­wer­pul” bi­len “Ro­ma” bol­sa, öňü­miz­dä­ki 2 hep­dä­niň do­wa­myn­da 6–7-nji du­şu­şyk­la­ry­ny oý­nar­lar. Öň­ki 5 oýun­da “Li­wer­pul” 2, “Ro­ma” 1 ge­zek ýe­ňen bol­sa, 2 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Pök­gi gat­na­şy­gyn­da iň­lis­ler 5–2 öň­de bar­ýar. “Liwerpul” bilen “Roma” soňky sapar 2001/02 möwsüminde 2-nji tapgyryň toparçalarynda gabatlaşypdy. Iňlisler öz meýdançasynda 2–0 utupdy. Rimdäki oýunda-da hasap açylmandy. 2001-nji ýylda şol wagtky UEFA Kubo­gynda-da 2-nji tapgyrda gabatlaşan “Liwerpul” bilen “Romanyň” bu oýunlarynda her toparam myhmançylykda ýeňipdi. Angliýada 1–0 ýeňen “Roma “öz meýdançasynda 2–0 asgyn gelip, ýaryşdan çykypdy. Olaryň arasyndaky 1-nji duşuşyk 1984-nji ýyldaky final oýny bolupdy. Şonda Rimde oýnalan finalda esasy wagty deňlikde gutaran duşuşygyň netijesinde penalti­lerde 4–2 öňe saýlanan “Liwerpul” bu ligadaky 4-nji kubogyny gazanypdy.