Öz meý­dan­ça­syn­da­ky Man­çes­ter der­bi­si­ni utup, “Pre­mi­er li­ga­da” iň ir çem­pi­on­lyk ga­za­nan to­par bol­mak müm­kin­çi­li­gi­ni el­den gi­de­ren “Man­çes­ter Si­ti” ar­zu­wy­na ahy­ry ýet­di. Eze­li bäs­de­şi “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” se­bäp­li çem­pi­on­ly­gy so­ňa goý­ma­ly bo­lan “Si­ti” ýe­ne-de şol gar­şy­da­şy­nyň sa­ýa­syn­da ta­ry­hyn­da­ky 5-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Myh­man­çy­lyk­da “Tot­ten­he­mi” Že­sus (22), Gün­do­gan (25) we Ster­lin­giň (72) gol­la­ry bi­len 3–1 ýe­ňen “Si­tä” çem­pi­on­lyk üçin bu ýe­ňiş ýe­ter­lik däl­di. Se­bä­bi 2-nji ha­tar­da­ky “Ýu­naý­te­diň-de” utul­ma­gy ge­rek­di. Ol şeý­le-de bol­dy. Mou­ri­nio­nyň şä­girt­le­ri er­te­si gün­ki oýun­da iň aşa­ky orun­da bar­ýan we “Pre­mi­er li­ga” bi­len hoş­laş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan “West Brom­wiç­den” 1–0 as­gyn gel­di. Şun­luk­da il­kin­ji 2 çem­pi­on­ly­gy­ny 1937-nji we 1968-nji ýyl­lar­da ga­za­nan “Man­çes­ter Si­ti” “Pre­mi­er li­ga­da-da” 3-nji ýo­la (2011/12, 2013/14, 2017/18), umu­my­lyk­da-da 5-nji sa­par çem­pi­on di­ýen ady eýe­le­di. Ga­ly­ber­se-de, “Man. Si­ti” möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 oýun ga­lan­da (as­lyn­da 4 tap­gyr, ýö­ne “Si­ti­niň” we kä­bir to­par­la­ryň 1 oý­ny kem) çem­pi­on­lyk ga­za­nan 3-nji to­par bol­dy. On­dan öň şeý­le ba­şar­ny­gy “Man. Ýu­naý­ted” (1907/08, 2000/01) bi­len “Ewer­ton” (1984/85) gör­ke­zip­di. “Man. Si­ti” çem­pi­on­lyk ba­bat­da “Nýu­kasl­dan” öňe saý­lan­dy we 8-nji or­na geç­di. Bu ugur­da “Man. Ýu­naý­ted” 20 çem­pi­on­lyk bi­len 1-nji ha­tar­da bar­ýar.
To­pa­ryň tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la tä­lim­çi­li­gin­dä­ki 9-njy möw­sü­min­de 7-nji ge­zek çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. “Pre­mi­er li­ga­da” çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny eýe­län il­kin­ji is­pan tä­lim­çi­si bo­lan Gu­ar­dio­la di­ňe 2011/12 möw­sü­min­de “Bar­se­lo­na­da” 2-nji, ge­çen möw­sü­mde-de “Si­ti­de” 3-nji ýe­ri eýe­läp­di.