Gol­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Ere­divise”-de 31-nji tap­gyr­da mer­ke­zi du­şu­şyk­da çem­pi­on bel­li bol­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da “Aýak­sy” ka­bul eden sa­na­wyň li­de­ri Eýn­do­we­niň PSW to­pa­ry eze­li bäs­de­şin­den 3–0 (Pe­rei­ro 23, L. De Ýong 38, Berg­wiýn 54) ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 1 ýyl­dan soň, ýe­ne-de çem­pi­on­ly­gy gaý­dyp al­dy. Bu ýe­ňiş ola­ryň çem­pio­nat­da­ky 24-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar 33 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Aýaks­dan” soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar.
* * *
Por­tu­ga­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 30-njy tap­gyr­da sa­na­wyň li­de­ri “Ben­fi­ka” öz meý­dan­ça­syn­da Hek­tor Her­re­ra­nyň 90-njy mi­nut­da ge­çi­ren owa­dan go­ly bi­len “Por­to­dan” 1–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­lip, 2-nji or­na düş­di. Çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 4 tap­gyr ga­lan­da, “Por­to” 2 utuk ara­ta­pa­wu­dy bi­len 1-nji bas­gan­ça­ga beý­gel­di.
* * *
Rus­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri “Lo­ko­mo­tiw” myh­man­çy­lyk­da “Di­na­mo­dan” 4–0 üs­tün çyk­dy. Olar wag­ty süý­şü­ri­len du­şu­şyk­da-da “Ah­mat” bi­len 1 utu­gy paý­laş­dy (0–0). Soň­ky çem­pi­on “Spar­tak” bol­sa, myh­man­çy­lyk­da “Ural­dan” 2–1 ýe­ňil­di. Şun­luk­da, 4 tap­gyr ga­lan­da, “Lo­ko­mo­tiw” 6 utuk öň­de bar­ýar.
* * *
Tür­ki­ýä­niň çem­pio­na­tyn­da “Ga­la­ta­sa­raý” öz meý­dan­ça­syn­da “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir­den” 2–0 üs­tün çy­kyp tä­ze­den 1-nji or­na geç­di.