Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­lyk ýa­ry­şy hem-de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na ýol­lan­ma ber­ýän 3–4-nji ýer­ler ug­run­da gö­reş ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Soň­ky 7 gü­nüň do­wa­myn­da “Se­rie A-da” 32–33-nji tap­gyr­la­ryň oýun­la­ry ge­çi­ri­lip, “Ýu­wen­tus­dyr” “Na­po­li” 4 utuk ga­zan­dy. 32-nji tap­gyr­da çem­pio­nat­da­ky 10 du­şu­şy­gyň deň ýa­ryn­da ha­sap açyl­ma­dy. Şo­la­ry­ň ara­syn­da “Mi­lan”–“Na­po­li”, “La­sio”–“Ro­ma” ýa­ly esa­sy du­şu­şyk­lar hem bar­dy. “Na­po­li­niň” 2 utuk ýi­ti­ren tap­gy­ryn­da “Ýu­wen­tus” “Samp­do­ria­ny” 3–0 (Man­žu­kiç 45, Hö­we­des 60, Ke­di­ra 75) ha­sa­byn­da ut­dy. 33-nji tap­gyr­da-da “Ýu­wen­tus” myh­man­çy­lyk­da “Kro­to­ne” bi­len 1–1 deň­me-deň oý­nap, 2 utu­gy ýi­tir­di. “Na­po­li” bol­sa “Udi­ne­ze­ni” 4–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe seze­war et­di. Şu tap­gy­ryň iň gol­ly oý­nun­da-da “La­sio” “Fio­ren­ti­na­ny” myh­man­çy­lyk­da 4–3 ha­sa­byn­da ut­dy. Oýun­da her to­par­dan 1 oýun­çy gy­zyl pe­tek al­dy. Şeý­le­lik­de, çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, bas­syr 7-nji çem­pi­on­ly­gy­na ym­tyl­ýan “Ýu­wen­tus” 4 utuk öň­de bar­ýar. Er­tir “Ýu­wen­tus” öz meý­dan­ça­syn­da “Na­po­li­ni” ka­bul eder (23:45). Bu oýun­da ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da nea­po­li­ler üçin çem­pi­on­lyk tä­ze möw­sü­me ga­lar. Eger-de myh­man­lar ýe­ňiş ga­zan­sa, on­da 35-nji tap­gyr­da­ky “In­ter”–“Ýu­wen­tus” du­şu­şy­gy­nyň äh­mi­ýe­ti has-da ar­tar.