Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 33-nji tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da PSŽ bi­len “Mo­na­ko” du­şuş­dy. 7–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan pa­riž­li­ler çem­pio­na­tyň ta­mam­lan­ma­gy­na 5 tap­gyr ga­lan­da, 17 utuk öňe saý­la­nyp, ta­ry­hyn­da­ky 7-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. PSŽ to­pa­ry­na uly ha­sap­ly ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Lo Sel­so (14, 27), Ka­wa­ni (17), Di Ma­ri­ýa (20, 58), Fal­kao (76 ö.d.), Draks­ler (86) der­we­zä gi­riz­di. PSŽ ap­rel aýy­nyň ba­şyn­da Li­ga Ku­bo­gy­na-da my­na­syp bo­lup­dy. Şun­luk­da, PSŽ “Li­gue 1-de” 7 çem­pi­on­ly­gy bo­lan “Li­on­dan” öňe saý­la­nyp, bu ugur­da 1-nji ha­tar­da bar­ýan “Sent Etie­ne” (10 çem­pi­on­ly­gy bar) ýe­ne bir ädim go­laý­la­dy. 1970-nji ýyl­da dö­re­di­len PSŽ to­pa­ry mun­dan ozal, 1986-njy we 1994-nji ýyl­lar­da hem-de 2013–2016-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da-da yz­ly-yzy­na 4, je­mi 6 sa­par çem­pi­on bo­lup­dy. Şeý­le-de soň­ky 6 möw­süm­de 5 çem­pi­on­lyk ga­za­nan PSŽ soň­ky 5 ýyl­da Fran­si­ýa­da alyp bo­laý­jak 20 ku­bo­gyň 16-sy­ny eýe­le­di. PSŽ-niň öňün­de şu möwsüm üçin Fran­si­ýa­nyň Ku­bo­gy hem-de Su­per ku­bo­gy ýa­ryş­la­ry-da bar.