Türkmen halkynyň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bir hatarda, gözelligi, ajaýyplygy hem-de asyllylygy bilen dünýäni haýrana goýýan behişdi bedewleri milli buýsanjy hem-de baýlygydyr. Ahalteke atlarynyň at-owazasyny tutuş dünýä ýaýýan hem-de gamyşgulak bedewlerimize gadyr goýýan hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde uludan bellenýär. Türkmen halkynyň milli buýsanjyna, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýdur baýramçylyga dünýäniň ençeme ýurdundan belli atşynaslar, seýisler, çapyksuwar-türgenler, tälimçiler, taryhçylar, etnograflar hem-de köp sanly myhmanlar çagyrylýar.
Milli Liderimiz özüniň işiniň köpdügine garamazdan, atçylyk toplumlarynda bolup, ajaýyp bedewler bilen didarlaşýar we döredijilik bilen meşgullanýar. Hormatly Prezidentimiz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly kitaplary döretdi. Olar ençeme dillere terjime edildi hem-de atçylyk ulgamynda hünärmenleriň arasynda giň meşhurlyga eýe boldy. Milli Liderimiziň eserleriniň dürli dillerde neşir edilmegi diňe bir köp ýurtlarda ahalteke bedewlerine gadyr goýýan hünärmenler üçin däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem ajaýyp bedewleriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisini, halkara sergi-ýarmarkasyny, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahatyny, halkara gözellik bäsleşigini, marafon we konkur bäsleşiklerini, ýurdumyzyň aýlawlaryndaky at çapyşyklaryny görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistan Diýarymyz dürli derejede geçirilýän çäreleriň merkezine öwrüldi. Şeýle çäreler ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň giňden dabaralandyrylýan günlerinde has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Ahalteke atçylygy bilen meşgullanýan abraýly halkara guramalaryň wekilleri, pudagyň belli atşynaslary we hünärmenleri şöhratly bedewleriň asyl mekanyna gelip, türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşýarlar. Eziz Diýarymyz bagtyýarlyk döwründe milletimiziň buýsanjyna öwrülen dal bedewleri bilen dünýäniň ünsüni has-da özüne çekýär.
Ine, şeýle halkara derejesindäki çäreleriň biri-de hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi boldy.
2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmäge, bu tohum atlary kämilleşdirmäge, olaryň ajaýyp neslini we sport häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşen atşynaslaryň gatnaşyk etmegi üçin netijeli gurama öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri halkymyzyň milli buýsanjy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyz uly goşandy bolan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
“Oguzkent” myhmanhanasynda geçirilen forumda hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we owadanlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky hepdesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, şu ýylyň çärelerine dürli ýurtlardan 300-den gowrak wekil gatnaşýar.
Atly sporty ösdürmegiň beýleki ugurlary boýunça hem giň gerimli işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde degişli hünärler boýunça ýaş hünärmenler taýýarlanylýar.
Şeýle hem atşynaslarymyzyň çekýän zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” we “Türkmenistanyň halk atşynasy” diýen hormatly atlar döredilip, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň atşynaslaryna bu hormatly atlar yzygiderli dakylýar.
Biz geljekde hem öz ykbalyny behişdi bedewlerimiz bilen baglan atşynaslarymyzyň çekýän halal zähmetine mynasyp baha bereris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda ahalteke bedewleriniň özüniň gaýtalanmajak syn-sypaty we owadanlygy bilen bedew muşdaklaryny özüne çekip, dünýäniň döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýändigini kanagatlanma bilen nygtady. Dünýä boýunça behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmek isleýän at muşdaklarynyň sany hem ýylsaýyn artýar, türkmen atşynaslary bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Döwlet Baştutanymyz ahalteke atçylygy boýunça halkara derejede özara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynda assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp, bu jemgyýetçilik guramasynyň agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalandyryljakdygyna we kämilleşdiriljekdigine berk ynam bildirdi.
Forumyň çäklerinde myhmanlaryň hem-de türkmen atşynaslarynyň käbirine “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlar dakyldy.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, bedew ählihalk söýgüsine mynasyp boldy hem-de asyrlaryň, nesilleriň we ýeňişleriň, zähmetiň, ruhubelentligiň sazlaşygynyň hem-de döredijiligiň arabaglanyşygyny özünde jemläp, berkarar Watanymyzyň ösüşiniň baş nyşanyna öwrüldi.