Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça şu ýylyň 23-24-nji aprelinde dostlukly ýurda döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu taryhy sapar taryhyň synagyndan geçen iki goňşy ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmat edip, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny belent derejelere çykarmaga şert döretdi.
Milli Liderimiziň bu sapary medeni maksatnamalara baý bolup, ol gadymdan gelýän türkmen-özbek mizemez dostlugynyň has-da berkemegine saldamly goşant goşdy.
Daşkent şäherinde geçirilen ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň barşynda köp sanly ylalaşyklara gol çekildi. Iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, söwda, ulag-aragatnaşyk, sport we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda 17-den gowrak ylalaşyk baglaşyldy.
Milli Liderimiziň bu sapary ylym-bilim ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykardy. Saparyň çäklerinde iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny göz öňünde tutan ylalaşyklaryň 15-sine gol çekildi.
Daşkentdäki ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleriniň barşynda ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berildi. Gruziýanyň, Türkiýäniň, Rumyniýanyň we beýleki döwletleriň Gara deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berjek Özbegistan–Türkmenistan–Hazar deňzi–Günorta Kawkaz geçelgesini döretmek barasynda gürrüň edildi.
Türkmenistan özbek tarapynyň “Orta Aziýa – Ýakyn Gündogar” (Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman) ulag üstaşyr geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşmaga taýýarlygyna ýokary baha berdi.
Taryhy saparyň çäklerinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge hem aýratyn ähmiýet berildi. Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 55 göterim ýokarlanandygy bellenip geçildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde işewürler maslahaty hem-de türkmen harytlarynyň sergisi geçirildi. Işewürler maslahatynda köp sanly ylalaşyklara gol çekildi. Gol çekilen şertnamalarda umumy bahasy ABŞ-nyň 250 million dollaryndan gowrak bolan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Gahryman Arkadagymyzyň bu saparynyň çäklerinde Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açyldy. Aşgabat we Daşkent doganlaşan şäherlerdir. Seýilgäh Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk künjekde 10 gektar meýdana uzap gidýär. Ol özboluşlylygy bilen türkmen paýtagtyny ýadyňa salýar.
Milli Liderimiz özüniň saparynyň ikinji gününde Horezm oblastynyň Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýüniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ürgenç şäheriniň “Turkmanlar mahallasi” etrabyndaky dostluk öýi iki doganlyk halkyň arasyndaky dostlugynyň nyşanyna öwrüldi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz taryhy “Uly howly” galasyna we Hywa şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördi.
Milli Liderimiziň goňşy Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary Horezm welaýatynyň sazly-drama teatrynda guralan iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bilen tamamlandy.