Türkmen halky özüniň milli buýsanjy hasaplaýan behişdi bedewleriniň şanyna toý tutýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň at-owazasy dünýä ýaýyldy. Ganatly bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýdur dabaralara dünýäniň ençeme ýurdundan myhmanlar gelýär.
Ine şu ýylky baýramçylyk dabaralary hem dünýä belli “ganatly bedewleriň” hakyky muşdagy bolan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda uludan tutulýar. Türkmen bedewiniň şanyna tutulýan baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde halkara forumdyr sergiler, at çapyşyklar, ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşigi, uzak aralygyna atly ýaryş, päsgelçiliklerden atly böküp geçmek ýaly ýaryşlar we çäreler guralyp, oňa dünýäniň ençeme ýurdundan atşynaslar, bedew muşdaklary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşýar.
Soňky ýyllarda atçylyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Behişdi bedewlere birnäçe kitaby – “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly atly kitaplaryny bagyşlan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda milli atçylyk sungatynyň ösmegine we meşhur tohum atlarynyň köpeldilmegine hem-de olary giňden wagyz etmäge kuwwatly itergi beren ägirt uly işler amala aşyryldy. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzda döwrebap aýlawlaryň we iri atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, abraýly umumy milli bäsleşikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler bar.
Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi eziz Watanymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge ýardam berýän buýsançly wakalardyr. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda 600 baş ahalteke bedewine niýetlenen atçylyk toplumy, atşynaslar üçin şäherçe, şeýle hem halkara talaplaryna laýyk gelýän okuw-usulyýet we karantin-weterinar merkezleri guruldy.
Şeýle hem, ýurdumyzda geçen ýyl geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna atlaryň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň girizilmegi atly sporty ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da, geçen ýyl Halkara epizotik býurosy tarapyndan hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň at keselinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan sertifikatyň gowşurylmagy ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak babatda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Ahalteke bedewleriniň Watanynda ahalteke bedewleriniň sport bäsleşiklerinde beýleki tohumdaky atlar bilen bäsleşmek ukybynyň ýokarlanmagy we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmen wekiliýetleriniň iri halkara atçylyk sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmagy, şeýle hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli çykyş etmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Gazetimiziň şu sanynda Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli dünýä belli bedewler baradaky žurnallar, aýlawlar hem-de at çapyşyklary hakynda gyzykly maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.