ba senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagy bolup, oňa hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun degişlidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlar üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň çekýän asylly zähmetlerine ýokary baha berilmegi we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda beýik sepgitlere ýetilmeginde güýçli itergi berdi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, guşçulyk, maldarçylygyň et we süýt önümçiligini, oba hojalyk ulgamynyň azyk we beýleki pudaklaryny depginli ösdürmek ýaly wezipeler öňde goýuldy. Şonuň netijesinde oba senagat toplumynda döwletimiziň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň azyk harytlaryna hem-de senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmaga, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilip amala aşyrylýan özgertmelere täze depgin berildi. Oba hojalygynyň dolandyrylyşyny hem-de düzümleýin özgerdilmegini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Oba senagat toplumyna iri maýa serişdeleri goýberilýär, munuň özi ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan okgunly ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we tutuşlygyna döwletimiziň ykdysady abadançylygyna, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder. Oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili ulgama öwürmek möhümdir. Bu maksatlar üçin oba senagat toplumynyň köpugurly mümkinçiliklerini herekete getirmekde täze, netijeli usullary peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak zerur bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tarp ýerler özleşdirilýär. Bugdaý we pagta bilen bir hatarda ýeralma, şugundyr, şaly, mekgejöwen, mäş, nohut, künji, arpa, dary, beýleki gök önümler we däne ekinleri, şeýle hem gawun we garpyz ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär, täze baglyklaryň we üzümçiligiň düýbi tutulýar. Bularyň ählisi oba hojalygyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy talap edýär we agrosenagat toplumyna gerek bolan döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň her bir sebitiniň toprak howa şertlerinde deslapky synaglary geçirmek bilen satyn alynýar.
Hormatly Prezidentimiz obalarda, etraplarda, täze ykdysady gatnaşyklary ornaşdyrmak işlerini işjeňleşdirilmegiň möhümligini aýratyn belleýär. Ilkinji nobatdaky amala aşyrylmaly mesele daýhanlara we telekeçilere ýerleri uzak möhletleýin kärendesine bermekdir. “Bu usuly agrosenagat toplumynyň ähli pudaklarynda tejribä ornaşdyrmak gerek. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kiçi kärhanalary, süýt önümçiliklerini, maldarçylygy ösdürmekde başarjaň we telekeçilige ukyply adamlary goldamaly. Bu işler bilen meşgullanýanlara döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar berilýär. Oba hojalygyny özgerdip gurmakda döwlete dahylly bolmadyk bölegiň orny uludyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba senagat toplumy hil taýdan täze sepgitlere çykýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.
Batyr Amanow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.