Germaniýanyň paýtagtynyň merkezinde, meşhur Muzeý adasynda ýerleşýän Täze muzeýde “Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergi öz işine başlady. Sergide ýurdumyzyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklar daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilýär.
Ýurdumyzda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän ýylda guralan bu sergi aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol köp sanly daşary ýurtly muşdaklara taryhyň gadymy döwürlerine şaýatlyk edýän gymmatlyklar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şol döwürlerde Gündogaryň aýry-aýry patyşalyklarynyň arasynda halkara gatnaşyklar ýola goýlup başlapdyr.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Marynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň arheologik gymmatlyklary dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň birinde sungatyň ösen derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Sergi 15-nji oktýabra çenli dowam eder hem-de Berlinden soň, nemes şäherleriniň ikisinde guralar. Dört aýyň dowamynda sergä Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa, 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn Muzeýler toplumynda tomaşa edip bolar. Ýörite şu waka mynasybetli alymlar hem-de taryhyň muşdaklarynyň giň köpçüligi üçin niýetlenen katalog neşir edildi. Sergä gelýänler gözden geçirilişde öz ajaýyp medeniýetiniň beýikligini dünýä äşgär edýän gadymy türkmen patyşalygynyň hakyky gymmatlyklaryny görüp bilerler.