Türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan atyň ada­myň fi­zi­ki taý­dan kä­mil­leş­me­gin­de örän uly peý­da­sy­nyň bar­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bi­ler­men­ler, esa­san hem, ösüp bar­ýan ça­ga­la­ryň fi­zi­ki we ru­hy taý­dan kä­mil­leş­me­gi­ne haý­ry­nyň ulu­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Ata mü­nen adam yzy­gi­der­li öz de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­ma­ly bol­ýar. Bu ýag­daý oňa mün­ýän ada­myň da­ma­ry­nyň gow­şa­ma­gy­na we dar­tyl­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu öz­baş­dak maşk bo­lup, da­mar­la­ry­ňy oýar­ýar we iş­leý­şi­ni saz­la­ýar. Ata mü­nü­len­de we dü­şü­len­de dür­li tiz­lik­ler­de he­re­ket edi­lip, bu adam be­de­nin­dä­ki äh­li da­mar­la­ra tä­sir edip, peý­da­ny has hem kö­peld­ýär. Şeý­le hem ata mün­mek ada­myň ru­hu­ny hem gö­ter­ýär. Aty ýö­ret­mek, çap­dyr­mak, du­ruz­mak, oňa ideg et­mek üns­li bol­ma­gy ta­lap ed­ýär. Bu ýag­daý ada­myň nerw ul­ga­my­na oňyn tä­sir ed­ýär. Şeý­le hem ada­myň dem alyş we gan aý­la­nyş ul­gam­la­ry­na peý­da ber­ýär. Beý­le­ki äh­li maşk­lar­da bol­şy ýa­ly, at mün­me­giň iş­dä­ňi aç­ýan­dy­gy we iýmit siň­di­riş ul­ga­my­ny iş­jeň­leş­dir­ýän­di­gi aý­dyl­ýar. Ada­myň iň ýa­kyn dos­ty ha­sap­lan­ýan be­de­wi el­le­mek duý­gy taý­dan hem kä­mil­leş­mä­ge tä­sir ed­ýär.

Aýnur BEGENJOWA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU-nyň talyby.