Ýur­du­my­zyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 7-nji tap­gyr­da 3 du­şu­şyk oý­nal­dy. Tap­gy­ryň mer­ke­zi du­şu­şy­gyn­da “Merw” bi­len soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” du­şuş­dy. Oýun­da ha­sap açyl­ma­dy. Aş­ga­bat şä­he­ri bi­len Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky 2 du­şu­şyk­da-da paý­tagt­ly­lar ýe­ňiş ga­zan­dy. Has ta­ky­gy, “Aş­ga­bat” to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da “Şa­ga­dam­dan” 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry 2-nji ýa­ry­myň il­kin­ji 15 mi­nu­tyn­da Pir­my­rat Ga­za­kow (51) bi­len Il­ýas Min­hai­row (61) öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. “Kö­pet­dag” to­pa­ry bol­sa, myh­man­çy­lyk­da “Bal­ka­ny” 3–2 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Oýunda ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň gol­la­ry­ny Gah­ry­man­ber­di Çon­ka­ýew (14), Ýa­kup Mak­sa­tow (49) hem-de Il­ýa Sa­low (83), ýer eýe­le­ri­niň pök­gü­le­ri­ni bol­sa, Azat Ga­ra­ja­ýew (22) bilen Il­ýa Kli­men­ko (90) der­we­zä gi­riz­di. “Ahal” bi­len “Ener­ge­tik” to­par­la­ry­nyň ara­syn­da­ky oýun so­ňa go­ýul­dy.