UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da fi­na­la di­ňe 2 du­şu­şyk gal­dy. Ýa­rym fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ryn­da “Li­wer­pul” öz meý­dan­ça­syn­da “Ro­ma­dan” 5–2, soň­ky çem­pi­on “Re­al Mad­rid” bol­sa, myh­man­çy­lyk­da “Ba­wa­ri­ýa­dan” 2–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Il­ki “Li­wer­pul”–“Ro­ma” oý­ny ba­ra­da aýt­sak, du­şu­şy­gyň il­kin­ji 20 mi­nu­tyn­da myh­man­lar has er­jel oýun gör­kez­di. Ýö­ne soň­lu­gy bi­len, oý­nuň jy­la­wy­ny ele alan “Li­wer­pul” 1-nji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka 2 gol ge­çir­di. Gol­la­ryň iki­si­ni-de 36-njy we 45+1-nji mi­nut­lar­da möw­sü­miň su­per ýyl­dy­zy, soň­ky wagt­lar­da de­pe­ni gol bol­ýan, “Ro­ma­nyň” öň­ki oýun­çy­sy Mo­ha­med Sa­lah der­we­zä gi­riz­di. 2-nji ýa­ry­ma-da hü­jüm­ler bi­len baş­lan “Li­wer­pul” 13 mi­nut­da, has ta­ky­gy, 56–69-njy mi­nut­lar aralygyn­da ýe­ne-de 3 gol ge­çir­di. 56-njy mi­nut­da Sa­dio Ma­ne, 61-nji hem-de 69-njy mi­nut­lar­da Ro­ber­to Fir­mi­no ta­pa­wut­lan­dy. Şol gol­la­ryň iki­si­niň pa­sy­ny Sa­lah be­rip, to­pa­ry­nyň ge­çi­ren 4 go­lu­na gö­nü­den-gö­ni öz go­şan­dy­ny goş­dy. 5-nji go­luň pa­sy­ny be­ren Jeýms Mil­ner Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 9-njy asis­ti­ni edip, bir möw­süm­de iň köp asist eden oýun­çy di­ýen re­kor­dy Weýn Ru­ni we Neý­mar­dan al­ma­gy ba­şar­dy. Mo­ha­med Sa­la­hyň oýun­dan çyk­ma­gyn­dan soň, “Ro­ma” 2 gol ge­çir­di. 81-nji mi­nut­da Edin Je­ko owa­dan ur­gy bi­len ara­ta­pa­wu­dy 4-e dü­şür­di. 85-nji mi­nut­da-da oý­na soň­dan go­şu­lan Die­go Pe­rot­ti pe­nal­ti­den “Ro­ma­ny” jo­gap oý­ny üçin umyt­lan­dy­ran go­ly öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, çär­ýek fi­nal­da il­ki 4–1 utu­lyp, so­ňun­da-da 3–0 ha­sa­byn­da “Bar­se­lo­na­ny” ýe­ňen “Ro­ma­nyň”, ýa­rym fi­nal­da jo­gap­syz 3 pök­gi ge­çir­me­gi­ne ga­raş­ýan­la­ryň sa­ny az hem däl. Du­şu­şyk­da 2 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Sa­lah bi­len Fir­mi­no Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 10-a ýe­tir­di. Bu­lar­dan öň di­ňe “Bar­se­lo­na­nyň” 2 fut­bol­çy­sy 1 möw­süm­de (2014/15) 10 gol ge­çi­rip­di. Jo­gap du­şu­şy­gy 2-nji maý­da oý­na­lar.