Çar­şen­be gün­ki oýun­da “Ba­wa­ri­ýa” soň­ky çem­pi­on Re­al Mad­ri­di” ka­bul et­di. Iki­si soň­ky ýyl­lar­da ýy­gy-ýy­gy­dan ga­bat ge­lip, şo­la­ryň soňky 5-sin­de “Re­al Mad­rid” ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär­di. Is­pan to­pa­ry bu oýun­da-da özü­niň ýe­ňiş­li ýö­rel­ge­si­ni üýt­get­me­di. Ar­tu­ro Wi­dal, Da­wid Ala­ba ýa­ly esa­sy oýun­çy­la­ry­nyň şi­ke­si bo­lan­dy­gy se­bäp­li peý­da­la­nyp bil­me­dik “Ba­wa­ri­ýanyň” gollandiýaly ýyldyzy Ar­ýen Rob­be­n hem eý­ýäm 8-nji mi­nut­da ola­ryň ha­ta­ry­na goşuldy. 28-nji mi­nut­da Jo­şua Kim­mih gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­de ha­sa­by aç­dy. 34-nji mi­nut­da ne­mes to­pa­ry­nyň şi­kes­li­le­ri­niň sa­ny ha­sam kö­pel­di. Že­rom Boa­teng hem meý­dan­ça­ny terk et­me­li bol­dy. 1-nji ýa­ry­myň ta­mam­lan­ma­gy­na 1 mi­nut ga­lan­da, “Rea­lyň” çep gy­ra­ky go­rag­çy­sy Mar­se­lo jaý­dar ur­gy bi­len ha­sa­by deň­le­di. Bu onuň şu möw­süm­de PSŽ we “Ýu­wen­tus” du­şu­şyk­la­ryn­dan soň, sa­lan 3-nji go­ly bol­dy. Ol Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň utu­lan-çyk­dy tap­gyr­la­ryn­da iň köp ta­pa­wut­la­nan go­rag­çy­dyr (7 gol). 2-nji ýa­ry­ma Is­ko­nyň or­nu­na Asen­sio bi­len baş­lan Zi­ne­din Zi­dan bu tak­ti­ka­sy­nyň mi­we­si­ni aňry­ýa­ny bi­len al­dy. 57-nji mi­nut­da Ra­fin­ýa­nyň ýal­ňyş­ly­gyn­dan ýer­lik­li peý­da­la­nan “Re­al” ýaş oýun­çy­la­ry Lu­kas Was­kes bi­len Mar­ko Asen­sio­nyň öza­ra pas­la­şy­gyn­dan soň, 2–1 öňe saý­lan­dy. Go­ly Asen­sio der­we­zä gi­riz­di. Şon­dan soň, oýun­da üýt­gän zat bol­ma­dy. Şun­luk­da, “Re­al” “Ba­wa­ri­ýa­ny” yz­ly-yzy­na 6-njy ge­ze­gem ýe­ňip, mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par bol­dy. Bu “Rea­lyň” Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 150-nji ýeň­şi diý­lip, ha­sa­ba alyn­dy. Şu möw­süm­de il­kin­ji ge­zek gol ge­çi­rip bil­me­dik Ro­nal­do Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 96-njy ýeň­şi­ni baý­ram edip, bu ugur­da ozal­ky to­par­da­şy Iker Ka­sil­ýa­syň re­kor­dy­ny öz ady­na ge­çir­di. Jo­gap du­şu­şy­gy 1-nji maý­da oý­na­lar.