Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy (Copa del Rey) ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da “Bar­se­lo­na” bi­len “Se­wil­ýa” du­şuş­dy. Mad­rid­dä­ki “Met­ro­po­li­ta­no” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da “Bar­se­lo­na” to­pa­ry 5–0 ha­sa­byn­da ýeňi­ş gazandy. 1-nji ýa­rym­da Lu­is Sua­res (14, 40) bi­len Lio­nel Mes­si (31), 2-nji ýa­rym­da-da And­res Inies­ta (52) hem-de Fi­lip­pe Kou­ti­nio (69 p) ta­pa­wut­lan­dy. Şun­luk­da, “Bar­se­lo­na” yz­ly-yzy­na 4-nji, umu­my­lyk­da-da 30-njy ge­zek Şa Ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Ku­bo­gy iň soň­ky sa­par mun­dan 85 ýyl ozal “At­le­tik Bil­bao” to­pa­ry bas­syr 4 ge­zek ga­za­nyp­dy. Bu fi­nal “Bar­se­lo­na­nyň” 40-njy fi­na­ly bo­lup, onuň gar­şy­da­şy “Se­wil­ýa” 8-nji ge­zek fi­nal­da çy­kyş et­di. An­da­lu­si­ýa­ly­lar şol 8 fi­na­lyň 5-sin­de ku­bo­gy eýe­läp­di.
* * *
Gol­lan­di­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da “Fe­ýo­noord” ýe­ňi­ji bol­dy. Rot­ter­dam­ly­lar “De Ku­ip” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da “AZ Alk­ma­ar” to­pa­ryn­dan 3–0 üs­tün çyk­dy. Gol­la­ry N. Ýor­gen­sen (28), R. Wan Per­si (58) hem-de Ý. Toornst­ra (90+3) der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Fe­ýe­noord” 100-nji ge­zek ge­çi­ri­len Gol­lan­di­ýa­nyň Ku­bo­gyny 13-nji ge­zek eýeledi.