2013-nji ýyl­da ýo­la goý­lan UEFA Ýaş­lar li­ga­syn­da (UEFA Youth League) “Bar­se­lo­na” to­pa­ry çem­pi­on bol­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gat­naş­ýan to­par­la­ryň ýaş­lar dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky ýa­ry­şyň fi­na­lyn­da “Bar­se­lo­na” to­pa­ry Ang­li­ýa­nyň “Çel­si” klu­bu­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Is­pan to­pa­ry­na ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ry Mar­kes (33, 52) bi­len Ru­is (90+2) ge­çir­di. Bu ýe­ňiş “Bar­se­lo­na­nyň” 2-nji çem­pi­on­ly­gy bo­lup, olar il­kin­ji möw­süm­de-de çem­pi­on bolupdylar.
5-nji ge­zek ge­çi­ri­len UEFA Ýaş­lar li­ga­syn­da to­par­lar Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky klub­la­r haý­sy to­par­ça düş­se, ola­ram şol to­par­ça­da çy­kyş ed­ýär­ler. Soň­ra utu­lan-çyk­dy oýun­la­ry ge­çi­ri­lip, fi­nal du­şu­şy­gy-da UEFA-nyň mer­ke­zi eda­ra bi­na­sy­nyň ýer­leş­ýän şä­he­ri Ni­on­da oý­nal­ýar. Şu wag­ta çen­li “Çel­si” (2014/15, 2015/16) bi­len “Bar­se­lo­na” (2013/14, 2017/18) 2 hem-de “Red Bull Sals­burg” (2016/17) 1 ge­zek çem­pi­on bol­dy.