Dünýä çempionatynyň rekordlary

* Fut­bol bo­ýun­ça şu wag­ta çen­li ge­çi­ri­len 20 Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da je­mi 2300 gol (oýun­dan soň­ky pe­nal­ti­ler ha­sa­ba al­na­nok) derwezä girizildi.
* Çem­pio­na­tyň il­kin­ji go­lu­ny ge­çi­ren fran­si­ýa­ly Lu­si­en Lo­ren­den bu­ýa­na 1200-den gow­rak fut­bol­çy ta­pa­wut­lan­dy. Şo­la­ryň 90 sa­ny­sy 5 we 5-den köp gol ge­çir­di. Şol 90 fut­bol­çy 30 ýur­duň we­ki­li bo­lup, bu sa­naw­da Ger­ma­ni­ýa­dan 14, Bra­zi­li­ýa­dan 13 fut­bol­çy­nyň ady bar.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy­sy ger­ma­ni­ýa­ly Mi­ros­law Klo­ze bo­lup, ol 4 çem­pio­nat­da 24 du­şu­şyk ge­çi­rip, şo­lar­da-da 16 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ol bra­zi­li­ýa­ly Ro­nal­do­nyň 2006-njy ýylda öz ady­na ge­çi­ren re­kor­dy­ny 2014-nji ýylda Bra­zi­li­ýa­da, üstesine-de Bra­zi­li­ýa­nyň gar­şy­sy­na ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy. Klo­ze Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň (2002, hetr-trik) hem-de Ar­gen­ti­na­nyň (2006, 2010 – 2) der­we­ze­le­rin­den 3, Kos­ta Ri­ka (2006) bi­len Ek­wa­do­ryň (2006) to­run­dan 2, Ir­lan­di­ýa­nyň (2002), Ka­me­ru­nyň (2002), Awst­ra­li­ýa­nyň (2010), Ang­li­ýa­nyň (2010), Ga­na­nyň (2014) hem-de Bra­zi­li­ýa­nyň (2014) der­we­ze­le­rin­de­nem 1 gol ge­çir­di.
* Bu re­kor­dy 1 çem­pio­nat­da 13 gol ge­çi­ren Žýust Fon­ten 1958–1974-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da özün­de sak­la­dy. 1970–1974-nji ýyl­lar­da 14 pök­gi ge­çi­ren ger­ma­ni­ýa­ly Gerd Mül­le­riň re­kor­dy­ny 2006-njy ýyl­lar­da Ro­nal­do tä­ze­le­me­gi ba­şar­dy.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 50 het-trik ha­sa­ba alyn­dy. 2006-njy ýyl­da di­ňe 1 het-trik, 1958-nji ýyl­da-da 8 het-trik edil­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da il­kin­ji het-trik eden oýun­çy ame­ri­ka­ly Bert Pet­na­ud bo­lup, 1930-njy ýyl­da Pa­rag­wa­ýyň der­we­ze­sin­den 3 pök­gi ge­çir­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 2 ge­zek het-trik eden fut­bol­çy­lar — Şan­dor Ko­çiş (1954), Žýust Fon­ten (1958), Gerd Mül­ler (1970) hem-de Gab­ri­el Ba­tis­tu­ta (1994, 1998). Ar­gen­ti­na­ly Ba­tis­tu­ta 2 Dün­ýä Ku­bo­gyn­da het-trik eden ýe­ke-täk fut­bol­çydyr. Ol iki­si­ni-de bir gün­de, 1994-nji ýylyň hem-de 1998-nji ýylyň 21-nji iýun­da degişlilikde Gre­si­ýa­nyň we Ýa­maý­ka­nyň der­we­ze­si­ne 3 gol girizdi.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­na­lyn­da het-trik eden ýe­ke-täk fut­bol­çy ang­li­ýa­ly Jeoff Hurst bo­lup, 1966-njy ýyl­da­ky fi­nal­da Ang­li­ýa Gün­ba­tar Ger­ma­ni­ýa­ny 4–2 ha­sa­byn­da ýe­ňip­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 1 du­şu­şyk­da 5 gol ge­çi­ren ýe­ke-täk fut­bol­çy rus­si­ýa­ly Oleg Sa­len­ko bo­lup, ABŞ – 1994-de Ka­me­ru­nyň to­run­dan 5 pök­gi gi­riz­di.
* Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da hiç bir oýun­çy 2 ge­zek iň köp pök­gi ge­çi­ren fut­bol­çy di­ýen ady alyp bil­me­di.
* 1 çem­pio­nat­da iň köp gol geçiren futbolçy fran­si­ýa­ly Žýust Fon­tendir. Ol Şwe­si­ýa – 1958-de 13 gol ge­çi­rip, 60 ýyl­dan bä­ri re­kor­dy özün­de sak­la­ýar.
* 3 çem­pio­nat­da 1-den köp fut­bol­çy iň ne­ti­je­li oýun­çy­la­ryň sa­na­wyn­da bir­meň­zeş ne­ti­je gör­kez­di. 1962-nji ýyl­da Çi­li­dä­ki çem­pio­nat­da 4 ge­zek ta­pa­wut­la­nan 6 fut­bol­çy (iň az gol bi­len bu ada my­na­syp bol­du­lar), 1994-nji ýyl­da ABŞ-da­ky Dün­ýä Ku­bo­gyn­da 6 pök­gi­ni to­ra sa­lan Hris­to Stoýç­kow bi­len Oleg Sa­len­ko hem-de Gü­nor­ta Af­ri­ka – 2010-da 5 go­ly öz at­la­ry­na ýaz­dy­ran 4 fut­bol­çy iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­lar bol­dy.
* 29 fut­bol­çy iň köp pök­gi ge­çi­ren­le­riň sa­na­wy­na ady­ny ýaz­dyr­ma­gy ba­şar­dy (19-sy Ýew­ro­pa­dan, 10-sy Gü­nor­ta Ame­ri­ka­dan). Şo­la­ryň 5-si bra­zil fut­bol­çy­lary­dyr. Dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da 3 oýun­çy 1 ýa­ryş­da 10 we 10-dan köp gol sa­lyp, olar Şan­dor Ko­çiş, Žýust Fon­ten hem-de Gerd Mül­ler­dir.