Bas­ket­bol bo­ýun­ça Ýew­ro­pa­nyň iň uly klub ýa­ry­şy bo­lan THY Ýew­ro­li­ga­da Mosk­wa­nyň SSKA to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Ol Ber­lin­de ge­çi­ri­len “Dört­li fi­na­lyň” jem­leý­ji du­şu­şy­gyn­da Tür­ki­ýä­niň “Fe­ner­bah­çe” to­pa­ryn­dan 101–96 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, 8 ýyl­dan soň, 7-nji cem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. 1–2-nji çär­ýek­de er­jel oý­nan rus to­pa­ry 50–30 ha­sa­byn­da öňe saý­lan­dy. 3-nji çär­ýek­de-de SSKA hüş­gär­li­gi el­den ber­me­di. Du­şu­şy­gyň ahyrky 10 mi­nu­tyn­da 69–53 hasabynda öň­de bar­ýan SSKA, şon­dan soň­ky mi­nut­lar­da “Fe­ner­bah­çä­niň” ne­ti­je­li oý­nu­na çä­re ta­pyp bil­me­di. Aý­ra­ty­nam, Bob­bi Dik­so­nyň ga­zan­dy­ran utuk­la­ry bi­len ussat tälimçi Ob­ra­do­wi­çiň şä­girt­le­ri soň­ky se­kunt­lar­da 83–81 hasabynda öňe saý­lanma­dy başardy. Oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 1,6 se­kunt ga­lan­da-da, SSKA-ly Hrýa­pa toparyna 2 utuk ga­zan­dy­ryp, ha­sa­by deň­le­di (83–83). Şun­luk­da, goş­ma­ça 5 mi­nut be­ril­di. On­da-da SSKA-nyň “Dört­li fi­nal” tej­ri­be­si­niň ýo­ka­ry­dy­gy me­se-mä­lim ýü­ze çyk­dy. Ne­ti­je­de, SSKA Mosk­wa 101–96 ha­sa­byn­da öňe saý­la­nyp, Ýew­ro­li­ga­da­ky 7-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. To­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy­nda esa­sy ro­ly oý­nan fran­si­ýa­ly bas­ket­bol­çy Nan­do De Ko­lo fi­nal­da 22 utuk­lyk ne­ti­je gör­kez­di. Ol ada­ty möw­süm­den soň, “Dört­li fi­na­lyň-da” iň gym­mat­ly oýun­çy­sy diý­lip saý­lan­dy.
Bu ýe­ňiş­den soň, SSKA Mosk­wa iň köp çem­pi­on bo­lan to­par­la­ryň sa­na­wyn­da 2-nji or­na çyk­dy. Bu ugur­da ge­çen ýy­lyň çem­pio­ny “Re­al Mad­rid” 9 ku­bok bi­len öň­de bar­ýar.
SSKA ýa­rym fi­nal­da Rus­si­ýa­nyň baş­ga bir klu­by “Lo­ko­mo­tiw Ku­ba­ny” 88–81, ge­çen möw­süm­de 4-nji ýe­ri eýe­län “Fe­ner­bah­çe” bol­sa, Is­pa­ni­ýa­nyň “La­bo­ral Kut­ha” to­pa­ry­ny 88–77 ha­sa­byn­da ut­dy. Baý­rak­ly 3-nji orun ug­run­da­ky oýun­da “Lo­ko­mo­tiw” topary “La­bo­ra­ly” 85–75 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di.