Ten­nis bo­ýun­ça 73-nji ge­zek ge­çi­ri­len we umu­my pul gaz­na­sy 4,3 mil­li­on ýew­ro bo­lan “Rim Açyk” “Mas­ters” ýa­ry­şyn­da er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da şot­lan­di­ýa­ly En­di Mýur­reý bi­len sa­na­wyň 1-nji bel­gi­li­si, ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç du­şuş­dy. Fi­nal du­şu­şy­gy 1 sa­gat 35 mi­nut­lap do­wam et­di. 1-nji set­de 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Mýur­reý 2-nji set­de-de şol ha­sap bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çyk­dy. Şun­luk­da, 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden Mýur­reý “Rim Açyk­da” 1-nji , kar­ýe­ra­syn­da-da 36-njy sa­par çem­pi­on bol­dy. 717 müň 315 ýew­ro­lyk pul sy­la­gy­ny alan Mýur­reý ga­rşy­da­şy No­wak Jo­ko­wi­çiň Rim­de bas­syr 3-nji ge­zek ýe­ňi­ji bol­ma­gy­na rug­sat ber­me­di. Jo­ko­wiç bu ýer­de 7-nji sa­par fi­nal­da çy­kyş edip, 3-nji ýo­la ýe­ňil­di.
Ze­nan­la­r üçin pul gaz­na­sy 2,399 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan “Rim Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da aýal-gyzlaryň arasynda ame­ri­ka­ly Se­re­na Wil­liams çem­pi­on bol­dy. Ol 1 sa­gat 24 mi­nut­lap do­wam eden fi­nal­da wa­tan­da­şy Ma­di­son Kiý­zi 2 se­tiň do­wa­myn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1-nji set­de taý-brek­den soň, 7–6, 2-nji set­de-de 6–3 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Se­re­na 4-nji ge­zek Rim­de ýe­ňi­ji bol­dy. Bu ýerde oý­nan äh­li fi­na­lyn­da-da ýe­ňiş ga­za­nan Williams mun­dan öňem 2002-nji, 2013-nji we 2014-nji ýyl­lar­da ku­bo­gy as­ma­na gö­te­rip­di. Bu ýe­ňiş 34 ýaş­ly ten­nis­çi­niň kar­ýe­ra­syn­da­ky 70-nji WTA çem­pi­on­ly­gy­dyr.