For­mu­la 1 dün­ýä çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň 5-nji ýa­ry­şy Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­dä­ki “Ka­ta­lun­ýa” tras­sa­syn­da ge­çi­ril­di. 66 aý­law­dan yba­rat bäs­le­şik örän dart­gyn­ly we ga­ra­şyl­ma­dyk wa­ka bi­len baş­la­dy. Sa­na­wyň li­de­ri Ni­ko Ros­berg (“Mer­se­des”) il­kin­ji ha­tar­dan bat alan to­par­da­şy Le­wis Ha­mil­ton bi­len ka­kyş­dy we ola­ryň iki­si-de ýa­ryş­dan çyk­ma­ly bol­dy. 3-nji aý­law­dan soň, howp­suz­lyk ula­gy tras­sa­dan çyk­dy. Sü­rü­ji­le­riň il­kin­ji pit-stop­la­ry 16-njy aýalw­da bo­lup geç­di. Ýum­şak te­ker ula­nan Da­ni­el Rik­ki­ar­do (“Red Bull”) 44-nji aý­la­wa çen­li bi­rin­ji­li­gi­ni sak­la­dy. Ýö­ne 44-nji aý­law­da Wet­tel bi­len Rik­ki­ar­do ýum­şak te­ker­le­ri­ni ça­lyş­mak üçin tä­ze­den pit-stop et­me­li bol­du­lar. Şol pur­sat­da-da 1-nji ýe­re “Red Bull – TAG Heuer” to­pa­ry­nyň gol­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Maks Wers­tap­pen, 2-nji or­na-da “Fer­ra­ri­den” Ki­mi Ra­ik­ko­nen geç­di. Ga­lan 22 aý­law­da-da fi­n pilot nä­çe dyr­jaş­sa-da, Wers­tap­pen or­nu­ny ber­me­di we ýa­ry­şy 1-nji bo­lup ta­mam­la­dy. 18 ýaş­ly sü­rü­ji pel­le­ha­na 1 sa­gat 41 mi­nut 40,017 se­kunt­da ge­lip, kar­ýe­ra­syn­da­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, F1-iň öň­ki sü­rü­ji­le­rin­den Jos Wers­tap­pe­niň og­ly bo­lan Maks For­mu­la 1-iň ta­ry­hyn­da 1 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan iň ýaş sü­rü­ji di­ýen adyň eýe­si bol­dy. On­dan öň­ki re­kord Se­bas­ti­an Wet­te­le de­giş­li bo­lup, ol 2008-nji ýyl­da 21 ýa­şyn­da­ka Ita­li­ýa “Gran Pri­sin­de” ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, 2 hep­de öň Maks Wers­tap­pen Da­niýl Kwýa­tyň or­nu­na to­pa­ryň ýol­baş­çy­lar ta­ra­pyn­dan “To­ro Ros­so­dan” “Red Bul­la” ge­çi­ri­lip­di. Rus­si­ýaly Kwýat bol­sa, “To­ro Ros­so” to­pa­ry­na ug­ra­dy­lyp­dy (“To­ro Ros­so” “Red Bul­luň” aşa­ky to­pa­ry hök­mün­de gö­rül­ýär). Wers­tap­pen­den 0,6 se­kunt yza ga­lan Ki­mi Ra­ik­ko­nen 2-nji, “Fer­ra­ri­niň” baş­ga bir sü­rü­ji­si, ger­ma­ni­ýa­ly Wettel ýeňijiden 2,2 se­kunt­lyk az ne­tije bi­len 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Ýa­ryş­da 4-nji or­na “Red Bul­luň” beý­le­ki pi­lo­ty Da­ni­el Rik­ki­ar­do my­na­syp bol­dy.
Ge­çi­ri­len 5 ýaryşdan soň, Ispaniýa “Gran Pri­sini” utuk­syz ta­mam­lan “Mer­se­des” to­pa­ry­nyň sü­rü­ji­si Ni­ko Ros­berg 1-nji (100), “Fer­ra­ri­den” Ki­mi Ra­ik­ko­nen 2-nji (61), Le­wis Ha­mil­ton 3-nji (57) ýerde bar­ýar­lar. 48 utuk­ly Wet­tel bi­len Rik­ki­ar­do 4–5-nji orun­la­ry paý­laş­ýar­lar. Möw­sü­miň 6-njy ýa­ry­şy, F1-iň iň ab­raý­ly bäs­le­şi­gi Mo­na­ko “Gran Pri­si” 29-njy maý­da Mon­te Kar­lo­nyň kö­çe­le­rin­de ge­çi­ri­ler.