Tür­ki­ýä­niň çem­pio­na­ty “Sü­per Lig­de” “Be­şik­taş” to­pa­ry möw­sü­miň gu­tar­ma­gy­na 1 tap­gyr ga­lan­da, ta­ry­hyn­da­ky 14-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Stam­bul­ly­lar 33-nji tap­gyr­da “Os­man­lys­po­ry” Mar­se­lonyň (2) we Go­me­ziň gol­la­ry esa­syn­da 3–1 ha­sa­byn­da utup, 2-nji ha­tar­da­ky “Fe­ner­bah­çe” bi­len 6 utuk­lyk ara­ta­pa­wu­dy sak­la­dy.
Tür­ki­ýä­niň “Sü­per Li­gin­de” “Mer­sin Id­man Ýur­du” to­pa­ryn­dan soň, “Es­ki­şe­hirs­por” bi­len “Si­wass­por” hem tä­ze möw­sü­mi aşa­ky li­ga­da ge­çir­me­li bo­lar.
Tür­ki­ýä­niň 2-nji li­ga­syn­da 2-nji or­ny eýe­län “Kar­de­mir Ka­ra­büks­por” 1 ýyl­dan soň, ýe­ne-de “Sü­per Li­ge” do­lan­dy.
* * *
Bel­gi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da eze­li bäs­de­şi “An­der­leh­ti” Dia­bi­niň (24, 29), Wa­na­keniň (69) we Si­mon­syň (70 p) gol­la­ry esa­syn­da 4–0 ha­sa­byn­da utan “Klub Brýug­ge” çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan et­di. Möw­sü­miň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 tap­gyr ga­lan­da, 6 utuk­lyk ara­ta­pa­wu­dy sak­lan “Klub Brýug­ge” 11 ýyl­dan çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Bu ola­ryň ta­ry­hyn­da­ky 14-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr.
* * *
Hi­guain 66 ýyl­lyk re­kor­dy tä­ze­le­di
Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Fro­si­no­ne” to­pa­ry­ny 4–0 ha­sa­byn­da utan “Na­po­li” 2-nji ýe­ri eýe­le­di we Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na gö­s-göni gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Oýun­da 3 ge­zek ta­pa­wut­la­nan ar­gen­ti­na­ly Gon­za­lo Hi­guai­niň şu möw­süm­de çem­pio­nat­da­ky gol­la­ry­nyň sa­ny 36-a ýet­di. Şun­luk­da, Hi­guain 66 ýyl­lyk ta­ry­hy re­kor­dy, ýag­ny 35 oýun­da 36 pök­gi ge­çi­ren Hi­guain 1949/50 möw­sü­min­de 35 top sa­lan “mi­lan­ly” Gun­nar Nor­da­lyň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.
Ita­li­ýa­da li­ga­dan gi­den 3-nji to­par “Kar­pi” bo­lup, olar ge­çen möw­süm ýo­ka­ry “Se­rie A” çy­kyp­dy. Olar 38-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “Udi­ne­ze” to­pa­ry­ny 2–1 ha­sa­byn­da utan hem bol­sa­lar, “Pa­ler­mo­nyň” “We­ro­na­dan” 3–2 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gyn­dan soň, “Se­rie A” bi­len hoş­laş­ma­ly bol­dy.