UEFA-nyň 2-nji de­re­je­li bäs­le­şi­gi bo­lan Ýew­ro­pa li­ga­syn­da bas­syr 3-nji ge­zek “Se­wil­ýa” topary çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy. Mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par di­ýen ady eýe­län “Se­wil­ýa” Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ba­zel şä­he­rin­dä­ki “St. Ýa­kob Park” sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da “Li­wer­pul” bi­len du­şuş­dy. Şwe­si­ýaly Ýo­nas Eriks­so­nyň jür­le­wük ça­lan oý­nun­da il­kin­ji hü­jü­mi is­pan klu­by ama­la aşy­ra­nam bol­sa, soň­lu­gy bi­len jy­la­wy Ýur­gen Klop­puň şä­girt­le­ri ele al­dy. Iň­lis klu­bu­nyň oýun­çy­la­ry bir­nä­çe hü­jüm et­di. Şol hü­jüm­le­riň 3-sin­de je­ri­me meý­dan­ça­sy­nyň için­de top “se­wil­ýa­ly” fut­bol­çy­la­ryň eli­ne deg­di. Ýö­ne şwe­si­ýa­ly emin 1 sa­par hem 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­me­di. Du­şu­şy­gyň 35-nji mi­nu­tyn­da öza­ra pas­la­şyk­dan soň, “li­wer­pul­ly” Da­ni­el Star­rij je­ri­me meý­dan­ça­sy­na gi­ren des­si­ne to­py çep aýa­gy­nyň daş ýü­zi bi­len aý­lap dep­di we ha­sa­by aç­dy. Oý­nuň 1-nji ýa­ry­my 1–0 ha­sa­byn­da “Li­wer­pu­lyň” üs­tün­li­gi bi­len ta­mam­lan­dy.
Du­şu­şy­gyň 2-nji ýa­ry­my­na soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny “Se­wil­ýa” gol bi­len baş­la­dy. Eý­ýäm 2-nji ýa­ry­myň 17-nji se­kundyn­da fran­siýaly hü­jüm­çi Ke­win Ga­mei­ro to­par­da­şy Ma­ria­no­nyň 2 oýun­çy­ny al­dap ge­çip be­ren pa­sy­ndan soň, topy boş der­we­zä gi­ri­zäý­mek gal­dy. Şon­dan so­ňam, Ga­mei­ro örän amat­ly pur­sa­dy el­den gi­der­di. Mah­la­sy, “Se­wil­ýa” 2-nji ýa­rym­da oý­nuň er­ki­ni öz eli­ne al­dy we oý­ny öz is­leý­şi ýa­ly oý­na­dy. Du­şu­şy­gyň 64-nji mi­nu­tyn­da Ba­ne­ga we Wi­to­la­nyň owa­dan pas­la­gyn­dan soň, Ko­ke aja­ýyp ur­gy bi­len “Se­wil­ýa­ny” öňe saý­la­dy (2–1). Klopp, ne­ti­je­siz oý­nan Fir­mi­no­ny or­nu­na Ori­ji­ni meý­dan­ça çy­kar­dy. Ýö­ne “se­wil­ýa­ly­lar” du­rar­ly däl­di. “Li­wer­pul­ly” oýun­çy­la­ryň ýal­ňyş­ly­gyn­dan soň, top Ko­keniň öňüne düşdi. Ol hem bat­ly de­pip, ýe­ne bir ýo­la ta­pa­wut­lan­dy we ha­sa­by 3–1-e ýe­tir­di. Şon­dan soň ha­sam la­py­keç bo­lan “Li­wer­pul” ha­sa­by deň­le­mek üçin ýat­da ga­lar­ly hü­jüm edip bil­me­di. Ne­ti­je­de, 3–1 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram eden “Se­wil­ýa” ta­ry­hy çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Bas­syr 3-nji ge­zek Ýew­ro­pa li­ga­sy­ny eýe­län “Se­wil­ýa” mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par bo­lup, ola­ryň bu ýa­ryş­da­ky ku­bok­la­ry­nyň sa­ny 5-e ýet­di. To­par bu ba­bat­da-da gar­şy­daş­la­ryn­dan öňe saý­lan­ma­gy ba­şar­dy. “Se­wil­ýanyň” tä­lim­çi­si Unaý Eme­ri-de 3-nji sa­par Ýew­ro­pa li­ga­sy­ny as­ma­na gö­te­rip, bu ugur­da ita­li­ýa­ly meş­hur tä­lim­çi Jio­wan­ni Tra­pat­to­ni bi­len deň­leş­di.
Şu ýa­ryş­da is­pan klub­la­ry­nyň üs­tün­li­gi, aý­ra­ty­nam soň­ky ýyl­lar­da me­se-mä­lim du­ýul­ýar. Bu ýaryşa ispandyr ital­ýan klub­la­ry 9 çempionlyk bilen 1-njiligi paýlaşýardylar. Ispan toparlarynyň gazanan kuboklarynyň sany 10-a ýetdi. Şeýle-de bu ýaryşda iň­lis­ler 7, ne­mes­le­rem 6 sa­par çem­pi­on bol­dy.
Şeý­le-de, Is­pa­ni­ýa bas­syr 2-nji ýo­la Çem­pi­on­lar li­ga­sy­na 5 klub ibe­rer. Ola­ryň 4-si ýa­ry­şa to­par­ça­lar­dan baş­la­sa, beý­le­ki­si pleý-of­fa gat­na­şar.

UEFA Ýewropa ligasynyň finaly (18.05.2016)
“LIWERPUL”: 1 “SEWILÝA”: 3
“LIWERPUL”: Minýole, Klaýn, Kolo Ture (Benteke 82), Lowren, Moreno, Lallana (Allen 73), Emre Jan, Jaýms Milner, Koutinio, Firmino (Oriji 69), Starrij
“SEWILÝA”: Soria, Mariano, Rami (Kolodžieçak 78), Karriço, Eskudero, Koke, Krihowiak, N’Zonzi, Witolo, Banega (Kristoforo 90+3), Gameiro (Iborra 89)
GOLLAR: Starrij 35 – Gameiro 46, Koke 64, 70
SARY PETEKLER: Lowren, Oriji, Klaýn – Witolo, Banega, Rami, Ferreira
BAŞ EMIN: Ýonas Eriksson (Şwesiýa)
STADION: “St. Ýakob Park” – Bazel, Şweýsariýa