Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi geçirildi. Sebit hem-de sebitara ulag-kommunikasiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de bu strategik ähmiýetli pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler derejesindäki mejlise gurama agza ýurtlardan – Azerbaýjandan, Owganystandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Pakistandan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Täjigistandan we Özbegistandan 70-den gowrak wekil gatnaşdy. “Deňiz” myhmanhanasynyň kongresler merkezinde geçirilen mejlisiň işine Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (UNESCAP), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň we beýleki iri halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýa pudagy bu iri halkara guramasyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň birini düzýär. Bu sebit guramasy 1985-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda 10 ýurt onuň agzasydyr. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçysy derejesine eýe bolup, köp sanly beýleki iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Mejlisiň barşynda edilen çykyşlarda ulag geçelgelerini giňeltmek işinde bilelikdäki tagallalara has uly ähmiýet berilýändigi bellenip geçildi. Maslahata gatnaşyjylar ulag-kommunikasiýa hyzmatlarynyň, demir ýollar, gara ýollar, deňiz ýollar we raýat awiasiýasy arkaly ýük we ýolagçy gatnawlarynyň sebit bazarynyň ösüşine baha berdiler.
Şeýle hem mejlisde gurama agza ýurtlaryň çäklerinden geçýän esasy ulag geçelgeleriniň bäsdeşlik hem-de söwda bähbitliligi, ulag we logistika ulgamlarynda infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilişi barada gyzykly pikir alyşmalar geçirildi.
Hususan-da, ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow iňlis dilinde çykyş edip, ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüşiniň milli maksatnamasynyň çäklerinde Amyderýanyň üstünden geçýän häzirki zaman demir ýol we awtomobil köprüleriniň, Aşgabatda hem-de welaýatlarda halkara howa menzilleriniň gurlandygyny belledi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulmagy bu ulgamdaky sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX duşuşygynyň jemleri boýunça degişli resminama kabul edildi.