“Emirates” awiakompaniýasy ýolagçylaryna öýüňden hasaba almak hem-de goşlaryny tabşyrmak hyzmatyny ýola goýdy. Bu barada “Gulf News” neşiri habar berýär. Ýolagçylar öýüne gelen awiakompaniýanyň işgärine goşmaça töleg arkaly goşlaryny tabşyrmaga mümkinçilik aldy.
Awiakompaniýanyň işgäri ýolagçynyň öýüne gelip, goşlaryny kabul edýär we gatnaw üçin ony hasaba alýar hem-de eline uçuş kartyny berýär. Bu hyzmat Dubaýyň islendik ýerinde amala aşyrylýar. Şeýle hem diňe öý däl, edara binasy ýa-da myhmanhana hem bolup biler. Degişli işgär gatnawa birnäçe sagat galanda, goşlary howa menziline äkidýär. Ýöne bu hyzmatdan peýdalanmak üçin uçuşa azyndan 12 sagat galanda sargyt etmek hökmandyr. Şeýle hem kompaniýa goşlaryňy öýüňe hem getirip berýär. Uçarda wagty goşlaryň hasabat belgileri alnyp, soňra gümrük gözegçiliginden geçirilip, ýolagçynyň öýüne getirilip berilýär.
Polat REJEPOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.