Ýurdumyzyň çäginde gurlan we gurulýan halkara derejeli gara we demir ýollary arkaly Türkmenbaşa gelýän ýükleri Russiýanyň Astrahan şäherine, Azerbaýjanyň Baku şäherine we Eýranyň Bender-Abbas portuna ugratmaga has uly mümkinçilik döredildi. Bulardan başga-da tebigy baýlyklary özünde jemleýän gojaman Hazarda birnäçe iri portlar ýerleşýär. Gazagystanyň Aktau şäherindäki deňiz söwda porty Hazar deňziniň günorta-gündogarynda ýerleşip, ýük daşamak ulgamynda halkara ähmiýete eýedir. Gazagystanyň günbatarynda Ural derýasynyň boýunda nebit çykarmakda iri şäherleriň biri bolan Atyrauda hem iri portlaryň biri bar. Russiýa Federasiýasynyň Dagystan Respublikasynda ýerleşýän Mahaçkala deňiz porty esasan gurluşyk, mineral we guýma harytlary, şeýle hem parom, konteýner gatnawlaryny amala aşyrmaga niýetlenendir. Bu port Russiýanyň günorta bölegini Merkezi Aziýa ýurtlary, Eýran we beýleki sebit ýurtlary bilen baglanyşdyrýan esasy halka hasaplanýar.