Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdy we hususy kompaniýalar daşky gurşawy goramaga hem-de garyplygy azaltmaga gönükdirilen ösüş ugruny saýlap alýarlar. Halkara guramalar we degişli pudaklar döwletleriň bu çemeleşmelerine ýokary baha berip, ählumumy maýylganlygy belli bir derejede saklamak hem-de hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň möçberini azaltmak üçin tagalla edýär. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed Bütindünýä bankynyň howandarlygynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşykda eden çykyşynda belläp geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, golaýda Halkara gämigurluşyk guramasy bu ugurda hapa gazlaryň howa goýberilmeginiň möçberini 2050-nji ýyla çenli 50 göterim azaltmak barada degişli şertnama gol çekdi. Bu örän möhüm hem-de uzak wagtlap garaşylan ädim. Indi nobat awiasiýa, sement, himiýa, demir we polat önümleriniň önümçiligine ýetdi – diýip, Amina Mohammed gürrüň berdi. BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçysynyň bellemegine görä, bu ugurda energetika we ulag ulgamynda ägirt uly işler edildi. Bu pudaklarda arassa energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak üçin uly tagallalar edilýär. Häzirki wagtda elektromobilleriň önümçiligine uly ähmiýet berilýär. Şeýle ulaglaryň sany tutuş dünýäde 2 milliondan geçdi.
Bezirgen REJEPOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.