“Singapore Airlines” awiakompaniýasy iň uzak wagtlyk uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu gatnaw Singapur bilen Nýu Ýorkyň arasynda bolup, uçuşyň dowamlylygy 19 sagada barabar bolar. Neşirleriň beýan etmegine görä, şu ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa “Airbus 350-900” kysymly uçar bilen yzygiderli gatnawlara başlamagy göz öňünde tutýar. Golaýda täze «howa gämisi» kompaniýanyň uçar flotunyň düzümine goşuldy. Kompaniýa şeýle uçarlaryň 7-sini sargyt edipdi.
Häzirki wagtda uzak wagtlyk uçuş rekordy “Qatar Airways” awiakompaniýasyna degişlidir. Kompaniýa Kataryň Doha şäheri bilen Täze Zelandiýanyň Oklend şäheriniň arasynda 18 sagatlyk uçuşy gonmazdan amala aşyrýar.