Germaniýanyň iri “Volkswagen” awtokonserni hytaýly hyzmatdaşlary bilen 2020-nji ýyla çenli täze energiýa çeşmeleri arkaly işleýän ulaglaryň önümçiligi hem-de ulaglary sürüjisiz dolandyrmak tehnologiýasyny işläp düzmek üçin 15 milliard ýewro möçberinde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
“Sinhua” agentliginiň habaryna görä, “Volkswagen Group China” kompaniýasy 2020-nji ýyla çenli ulaglaryň täze görnüşleriniň 15-sini, 2025-nji ýyla çenli bolsa, şeýle ulaglaryň 40 görnüşini bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Pekin halkara ulag sergisinde “Volkswagen” şu ýylyň dowamynda Hytaýyň bazaryna çykarjak ulaglarynyň täze 10 görnüşini köpçülige hödürledi. Şeýle hem kompaniýa Hytaýda ilkinji SOL kysymly elektromobilini öndürmäge girişmekçi.
2017-nji ýylda “Volkswagen Group China” we bilelikdäki iki kärhanasy Hytaýyň bazarynda 3,2 million ulag satuwa çykardy. Şu ýylyň birinji çärýeginde bolsa, 1,01 million ulagyň satuwyny amala aşyrdy.
Şamar DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.