Dü­zü­min­de ka­kao­nyň has köp muk­da­ry bo­lan ga­ra şo­ko­lad ada­myň im­mu­ni­te­ti­ni (gar­şy du­rup bil­mek uky­by) we beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Bu ba­ra­da ABŞ-nyň Lo­ma-Linda uni­wer­si­te­ti­niň alym­lar to­pa­ry bel­läp geç­ýär­ler.
Olar öz yl­my sel­jer­me­sin­de ka­kao­nyň adam be­de­ni­ne ed­ýän tä­si­ri­ne has köp üns ber­di­ler. Ozal­ky sel­jer­me­le­r bi­len bir ha­tar­da, şe­ke­riň adam­da­ky tä­si­ri­ni bar­lap gör­dü­ler. Bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri­ne gö­rä, dü­zü­min­de azyn­dan 70 gö­te­rim ka­kao bo­lan şo­ko­lad her gün iý­len ýag­da­ýyn­da ol ada­myň im­mu­ni­te­ti­ne oňa­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Şeý­le-de şo­ko­la­dyň ada­myň be­de­nin­dä­ki öý­jük­le­riň duý­du­ryş ýol­la­ry­ny ýo­kar­lan­dy­ryp, ola­ryň hem T öý­jük­le­ri­niň gar­şy du­rup bil­mek uky­by­ny iş­jeň­leş­dir­ýän­di­gi anyk­la­nyl­dy. Şeý­le hem 48 gram şo­ko­lad iý­me­giň ýat­keş­li­giň go­wu­lan­ma­gy­na ýe­ter­lik­di­gi­ni ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­si­ne gö­rä mä­lim edil­di.

Azim TUGUROW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň talyby.