Ýew­ro­pa­da mil­li çem­pio­nat­la­ryň äh­li­si di­ýen ýa­ly ta­mam­lan­dy. In­di şu gün hem-de er­tir ag­şam, aý­ra­ty­nam, fut­bol­da öň­de­bar­yjy ýurt­la­ryň ku­bok ýa­ryş­la­ry­nyň fi­na­l duşuşyklary oý­na­lar. Ang­li­ýa­da eý­ýäm 3-nji möw­sü­mi çem­pi­on­lyk­dan daş­da ta­mam­lan “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” iň bol­man­da, FA ku­bo­gy bi­len jan­kö­ýer­le­ri­ni be­gen­dir­mek is­le­ýär. Olar şu gün “Wemb­li­de” Lon­do­nyň “Kris­tal Pa­las” to­pa­ry bi­len güýç sy­na­ny­şar­lar.
“Bun­des­li­ga­da” bas­syr 4-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan “Ba­wa­ri­ýa” Ger­ma­ni­ýa­nyň ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da “Bo­rus­sia Dort­mund” bi­len du­şu­şar. Olar soň­ky 5 ýyl­da 3-nji ge­zek du­şu­şyp, mun­dan öň­ki 2 oýun­da her to­par 1 sa­par ýe­ňiş ga­zanyp­dy. “Bo­rus­sia Dort­mund” bas­syr 3-nji ge­zek fi­nal­da çy­kyş eder.
Ita­li­ýa­da yz­ly-yzy­na 5 çem­pi­on­lyk ga­za­nan “Ýu­wen­tus” fi­nal­da ýur­duň baş­ga bir güýç­li klu­by “Mi­lan” bi­len oý­nar. “Ýu­wen­tus” ku­bo­gy-da alyp, jan­kö­ýer­le­ri­ne go­şa şat­lyk paý­la­mak is­le­ýär. “Mi­lan” we­lin, 2003-nji ýyl­dan bä­ri ku­bok ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­za­nyp bi­le­nok.
Şu möw­süm­de Li­ga­nyň çem­pi­on­ly­gy­ny (Li­gue 1) hem-de ku­bo­gy­ny (Coupe de la Li­gue) alan PSŽ-niň in­di­ki ar­zu­wy ge­çen ýyl­ky ýa­ly, ýe­ne-de ku­bok ýa­ry­şyn­da-da ýe­ňiş ga­zan­mak. Su­per ýyl­dy­zy Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç üçin PSŽ-dä­ki iň soň­ky oýun bol­jak bu fi­nal­da olar “Mar­sel” bi­len du­şu­şar­lar. “Mar­sel” bu ku­bo­gy iň soň­ky sa­par 1989-njy ýyl­da alyp­dy. Möw­sü­mi 13-nji ha­tar­da ta­mam­lap, jan­kö­ýer­le­ri­ni gy­nan­dy­ran “Mar­sel”, bu şow­suz­ly­gyň öwe­zi­ni hem-de 27 ýyl­lyk küý­se­gi diň­dir­mek is­le­ýär.
Çem­pi­on­ly­gy ga­za­nan “Bar­se­lo­na” Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň ýe­ňi­ji­si “Se­wil­ýa” bi­len ku­bok ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da du­şu­şar­. Mad­rid­dä­ki “Wi­sen­te Kal­de­ron” sta­dio­nyn­daky oý­nuň fa­wo­ri­ti “Bar­se­lo­na” diý­lip gör­ke­zil­ýär.
21-nji maý:
“FA Cup”: “Kris­tal Pa­las”–“Man­çes­ter Ýu­naý­ted” (19:30) — Lon­don (“Wemb­li”)
“DFB-Po­kal”: “Ba­wa­ri­ýa”–“Bo­rus­sia Dort­mund” (23:00) — Ber­lin (Olim­pi­ýa)
“Cop­pa Ita­lia”: “Mi­lan”–“Ýu­wen­tus” (23:45) — Rim (Olim­pi­ýa)

22-nji maý­dan 23-nji ma­ýa ge­çil­ýän gi­je:
“Coupe de France”: “Mar­sel”–“Pa­ri Sen Žer­men” (00:00) — Sen De­ni (“Stad de Frans”)
“Copa Del Rey”: “Bar­se­lo­na”–“Se­wil­ýa” (00:30) — Mad­rid (“Wi­sen­te Kal­de­ron”)

26-njy may:
Tür­ki­ýe Ku­pası: “Fe­ner­bah­çe”–“Ga­la­ta­sa­raý” (23:15) — An­tal­ýa (An­ta­lya Are­na)