Geçen asyryň ortalarynda adamzat ilkinji gezek älem giňişligine çykdy. Şondan bäri dürli maksatlar bilen kosmos gämileriniň müňlerçesi, adamly uçuşlaryň ýüzlerçesi asman giňişligine sary ýola düşdi. 1970-nji ýyllarda bolsa, içinde hemişe adam bolan kosmos beketleri peýda bolup başlaýar. Soňky ýyllarda bolsa, kosmos syýahatçylyk ugry hökmünde peýdalanylyp başlandy. Ilkinji kosmos syýahatçysy Denis Tito 2001-nji ýylda Halkara kosmos bekedinde bir hepdeden gowrak dynç alyp gelipdi. Merkezi edarasy Tehasyň Hýuston şäherinde ýerleşýän “Orion Span” kompaniýasy kosmosdaky ilkinji kaşaň myhmanhana – “Aurora bekedini” 2021-nji ýylda uçurmagy we 2022-nji ýyldan başlap, myhmanlaryny kabul etmegi maksat edinýär. Bu adaty bolmadyk myhmanhana dört orunlyk bolup, bekediň iki ekipažy bolar. Myhmanlar 12 günläp ol ýerde bolup, Ýeriň daşyndan ýokary tizlikde aýlanmaga mümkinçilik alar. Kompaniýanyň wekilleri başdangeçirmeleri halaýan jahankeşdeleriň 9,5 million dollar ýa-da her gün üçin 800 müň dollar tölemeli boljakdyklaryny mälim edýär. Eýýäm isleg bildirýänler üçin internet arkaly 80 müň dollar töläp, ýer belletmäge mümkinçilik döredilendigini belleýärler. Bu puluň syýahata gatnaşmakdan boýun gaçyrylan ýagdaýynda ýa-da syýahata gidip, gelnenden soňra dolulygyna yzyna gaýtaryljakdygy aýdylýar.
Kompaniýanyň esaslandyryjysy Frank Banger bahalaryň 10 million dollardan hem azalmagynyň raketalary uçurmagyň bahasynyň peselmegi bilen baglydygyny belleýär.
Banger her hepde diýen ýaly firmalaryň kosmosa raketa uçurmagyň has arzan, has ygtybarly we has amatly ýollaryny tapýandyklaryny belleýär.
Kaşaň myhmanhananyň myhmanlaryna Ýeriň dartyş güýjüniň hiç hili bolmadyk ýerinde uçmak bilen bir hatarda, kosmosdan öz ýurduny, şäherini synlamak, beketde azyklyk ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen bagly tejribeleri görmek we ýokary tizlikli internetden peýdalanmak ýaly hyzmatlar hem hödürlener. Kompaniýanyň wekilleri kosmosa uçmaga isleg bildirýänler ol ýerde bolmagyň düzgünlerini öwrenmek üçin 3 aýlyk okuw sapagyny geçmelidigini belleýärler.