Gämi gatnawlaryny amala aşyrmakda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “MSC Cruises” “MSC BELLISSIMA” atly iri gämisiniň 2020-nji ýyldan başlap, Aziýa ýurtlarynda hyzmat edip başlajakdygyny mälim etdi. “STX France” kompaniýasynyň Sen-Nezer şäherindäki werfde gurluşygy dowam edýän gämisi 2019-njy ýylda taýýar ediler. Ilkinji nobatda, Hytaýdan we Ýaponiýadan ýolagçylary kabul etjek “MSC BELLISSIMA” öz myhmanlaryna deňziň ajaýyp gözelliklerini synlamaga mümkinçilik döreder. Iň soňky tehnologiýa enjamlary bilen üpjün ediljek gämide iň kaşaň myhmanhanalardaky ýaly ähli şertler dörediler. Uzynlygy 315 metre barabar bolan gäminiň içinde otaglar bilen bir hatarda, söwda nokatlary, janly aýdym-saz merkezleri we beýleki ähli amatlyklar bolar. Onuň LED çyralar bilen bezeljek gümmeziniň uzynlygy 260 metre ýetýär. Ol, esasan, hytaý bazaryna hyzmat etmek maksady bilen Şanhaý portundan peýdalanar.