Düýn Du­baý­da­ky (BAE) meş­hur “Burj Ha­li­fa” bi­na­syn­da ýer­leş­ýän “Ar­ma­ni” myh­man­ha­na­syn­da fut­bol bo­ýun­ça 17-nji Azi­ýa Ku­bo­gy­nyň to­par­ça­la­ry­nyň bi­je­le­ri çe­kil­di. 2019-njy ýyl­da BAE-de ge­çi­ril­jek bu fut­bol baý­ram­çy­ly­gy­na ýur­du­my­zyň mil­li ýy­gyn­dy­sy hem gat­naş­ýan to­par­la­ryň bi­ri bo­lup, il­deş­le­ri­mi­ziň bi­je­si “F” to­par­ça düş­di. Türk­men fut­bol­çy­la­ry bu to­par­ça­da Öz­be­gis­ta­nyň, Oma­nyň hem-de Ýa­po­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­la­ry bi­len du­şu­şar.
Şeý­le-de AFK-nyň pre­zi­den­ti Şeýh Sal­man bin Eb­ra­him Al Ha­li­fa mun­dan soň, ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­si­ne tä­ze ku­bo­gyň gow­şu­ryl­jak­dy­gy­ny, ýa­ry­şyň umu­my pul baý­ra­gy­nyň-da 14,8 mil­li­on dol­lar bol­jak­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Bi­je çe­ki­liş da­ba­ra­sy­na Ali Daei, Sun Szi­haý, Su­nil Çhett­ri, Fil Ýang­haz­ban­da ýa­ly yk­ly­myň ta­nal­ýan fut­bol­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.