Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol çem­pio­na­tyn­da 11-nji tap­gyr­da uly ha­sap­ly ýe­ňiş­ler ga­za­nyl­dy. 5 oýun­da 19 gol der­we­ze­le­re gi­ri­zil­di. Soň­ky çem­pi­on “Al­tyn asyr” myh­man­çy­lyk­da “Bal­kan” to­pa­ry­ny 3–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Myh­man­la­ryň gol­la­ry­ny El­man Ta­ga­ýew, Ah­met Ata­ýew hem-de Yh­las Mag­ty­mow der­we­zä gi­riz­di. Şeý­le ne­ti­je “Ýe­di­gen” bi­len “Kö­pet­da­gyň” ara­syn­da­ky oýun­da-da ha­sa­ba al­nyp, Hal­ka­ra türk­men-türk uni­wer­si­te­ti­niň ta­lyp­la­ry 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da Hem­ra Aman­mäm­me­dow 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň “Ener­ge­tik” bi­len “Mer­wiň” to­par­la­ry­nyň iki­si-de bir­meň­zeş ha­sap­lar bi­len gar­şy­daş­la­ryn­dan üs­tün çyk­dy. Ýag­ny “Ener­ge­tik” myh­man­çy­lyk­da “Şa­ga­da­my” (Gu­wanç An­na­ber­di­ýew 85 — Far­hat Ital­ma­zow 18, An­na­gel­di We­li­ýew 75 p), “Merw” we­lin, “Aha­ly” (Ş. An­na­ýew 36 ö.d., Il­ýa Ta­mur­kin 69 — My­rat An­na­ýew 89 p) öz meý­dan­ça­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Tap­gy­ryň iň köp gol­ly oý­nun­da “Aş­ga­bat” “Tu­ra­nyň” to­run­dan jo­gap­syz 7 pök­gi gi­riz­di. Paý­tagt­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Gah­ry­man­ber­di Çon­ka­ýew (2), Mer­dan Gur­ba­now, Pa­ra­hat Ju­ma­na­za­row, Rus­lan Gur­ba­now, Gu­wanç Aby­low, Di­dar Dur­dy­ýew (p) öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. Şeý­le-de “Al­tyn asyr” 3-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da “Aş­ga­bat” bi­len 1–1 ha­sa­byn­da deň­me-deň oý­nap, şu möw­süm­de il­kin­ji utuk­la­ry­ny ýi­tir­di.

11-nji tap­gy­ryň ne­ti­je­le­ri:
“Ýe­di­gen”–“Kö­pet­dag”: 3–0, “Şa­ga­dam”–“Ener­ge­tik”: 1–2, “Aş­ga­bat”–“Tu­ran”: 7–0, “Bal­kan”–“Al­tyn asyr”: 0–3, “Merw”–“Ahal”: 2–1, 3-nji tap­gyr: “Aş­ga­bat”–“Al­tyn asyr”: 1–1.